Sepleriň elýeterliligi

Liwanda janyndan geçen hüjümçiler bäş adamy öldürdiler


Howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerine gözegçilik edýärler, Kaa, 27-nji iýun, 2016.

Howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerine gözegçilik edýärler, Kaa, 27-nji iýun, 2016.

Liwanyň gündogarynda janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran bomba partlamasynda azyndan bäş adam wepat boldy we ýene azyndan 15 adam ýaralandy.

Janyndan geçen birnäçe hüjümçi ýurduň Siriýa bilen serhediniň golaýynda Kaa obasynda märekäniň içinde özlerini partlatdylar, diýip Hizballah toparynyň Al-Manar telewideniýesi 27-nji iýunda habar berdi.

Kaa obasynyň häkiminiň “Liwanyň sesi” radiosyna aýtmagyna görä, wepat bolanlaryň ählisi parahat ýaşaýjylar bolup, Liwanyň üç harbysy ýaralanypdyr.

Hüjüme kimiň jogapkärdigi dessine mälim edilmedi.

Liwan goňşy Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän uruş zerarly söweşijileriň hüjümlerine ýygy-ýygydan sezewar edilýär. Hizballah topary Siriýada prezident Başar al-Assadyň tarapynda söweşlere gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG