Sepleriň elýeterliligi

Maliýe ministri Britaniýanyň ÝB-den çykmaga taýýardygyny aýtdy


Britaniýanyň maliýe ministri George Osborne, London, 27-nji iýun, 2016.

Britaniýanyň maliýe ministri George Osborne, London, 27-nji iýun, 2016.

Britaniýanyň maliýe ministri George Osborne Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigini terk etmegine degişli geçirilen ses berişligiň netijeleri boýunça işe taýýarlyk görýändigini aýtdy.

Osborne ses berişligiň netijeleri 24-nji iýunda yglan edileli bäri, Angliýanyň Bankynyň ýolbaşçysy Mark Kaneý bilen yzygiderli gepleşik geçirýändigini 27-nji iýunda aýtdy, şeýle-de garaşylmadyk ýagdaýlaryň dörän halatlary üçin niýetlenen oýlanyşykly planyň işlenip düzülendigini belledi.

Britaniýanyň Maliýe ministri öz ýewropaly kärdeşleri, Merkezi bankyň ýolbaşçylary, Halkara maliýe fondy, ABŞ-nyň Maliýe fondy we Britaniýanyň baş maliýe institutlary bilen aragatnaşykdadygyny aýtdy.

Ses berişligiň netijeleri bilen bagly howatyrlanmalar bilen baglylykda 27-nji iýunda Aziýanyň maliýe bazarynda Britaniýanyň poundy ýene pese düşdi.

Britaniýanyň ýolbaşçylary ýurdy 27 döwleti öz içine alýan Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykarmagyň ýollaryny gözleýärkä, ýurtda syýasy durmuksyzlyk güýçlenýär.

XS
SM
MD
LG