Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan sibir başy sebäpli serhet gözegçiligini artdyrdy


Gyrgyzystanyň Gazagystan bilen serhedi
Gyrgyzystanyň Gazagystan bilen serhedi

Gyrgyzystan Gazagystanda sibir başy infeksiýasyndan iki adamyň ölmeginden soň, bu ýurt bilen öz serhedinde weterinar gözegçiligini güýçlendirdi.

Gyrgyzystanyň Oba hojalyk ministrliginiň 27-nji iýunda aýtmagyna görä, Gazagystandan getirilýän ähli et önümleri Sanitariýa boýunça döwlet inspeksiýasy tarapyndan jikme-jik barlanar.

Gazagystanyň resmileri merkezi Karagandy regionynda iki oba ýaşaýjysynyň sibir başy keselinden ýogalandygyny we alty adamyň howply kesele uçramagy sebäpli keselhana düşendigini 22-nji iýunda habar berdiler.

Mundan iki gün geçensoň Gazagystanyň Saglyk ministrligi sibir başy infeksiýasynyň ýene bir regionda Gündogar Gazagystan welaýatynda tutaşandygyny, bu ýerde barlagdan geçen ýerli ýaşaýjylarda sibir başy infeksiýasynyň tassyklanandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň kesellere gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça merkezleriniň (CDC) maglumatyna görä, öý mallary, şol sanda şahly iri mallar, goýunlar, geçiler we keýikler infeksiýa topragy, ösümlikleri we hapa suwy ýuwudyp duçar bolýarlar.

CDC infeksiýanyň antibiotikler bilen bejerilmedik ýagdaýynda ölüme getirýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG