Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa maliýe bazarlary köşeşdirmäge çalyşýar


Maliýe bazaryň işgärleri britan poundynyň hümmetiniň üýtgeýşine syn edýärler, Pariž, 24-nji iýun, 2016

Maliýe bazaryň işgärleri britan poundynyň hümmetiniň üýtgeýşine syn edýärler, Pariž, 24-nji iýun, 2016

Britaniýanyň maliýe ministri öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşiginden çykmak kararyndan soň maliýe bazarlary köşeşdirmäge çalyşýar, Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomatlary bu mesele boýunça gepleşik geçirýärler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri 27-nji iýunda Londona saparyndan ozal Brussele barýar, şol bir wagtyň özünde-de Germaniýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň liderleri Berlinde duşuşyp krizise çemeleşmegiň ýollaryny maslahat edýärler.

Fransiýa we Germaniýa Britaniýanyň geçiren ses berişliginiň netijelerine çemeleşmekde “umumy” garaýyşdadygyny mälim etdiler.

Londonda Britaniýanyň maliýe ýolbaşçysy George Osborne öz ýurduň ykdysadyýetiniň “bolmalysy ýaly güýçlüdigini” aýtdy we Angliýanyň Banky bilen bilelikde garaşylmadyk ýagdaýlar üçin ygtybarly planynyň bardygyny aýtdy.

Britaniýanyň ÝB-niň düzüminden çykmak karary 24-nji iýunda maliýe bazarlaryň hümmetini 2.1 trillion dollarlyk pese gaçyrdy we poundyň amerikan dollary babatyndaky hümmetini soňky 31 ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetirdi.

XS
SM
MD
LG