Sepleriň elýeterliligi

Meredowyň Owganystana sapary “garaşylmadyk ýagdaý boldy”


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow şu ýylyň 26-28-nji iýuny aralygynda Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän welaýatlaryna, has dogrusy Farýaba, Jowuzjana we Balha sapar edýär.

Türkmenistanyň baş diplomatynyň bu sapary golaýda Owganystanda jeňçilere garşy söweşýän ýarym resmi “Arbaki” toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanda bolandygy baradaky habarlara gabat geldi.

Eýse, Reşit Meredowyň Owganystana saparynyň ýarym resmi “Arbaki” türkmen ýaragly toparlarynyň Aşgabada barmagynyň yzysüre bolup geçmegi bir tötänlikmi? Azatlyk Radiosynyň türkmen-owgan serhedindäki özgerişleri içginden yzarlýan bilermeni Brýus Panniýer bu baradaky pikirlerini şeýle beýan edýär.

B.Panniýer: Men muny ‘tötänlik’ diýip atlandyrmazdym. Galyberse-de, [Reşit Meredowyň] bu sebitlere edýän sapary juda bir garaşylmadyk ýagdaý boldy.

Adatça, bular ýaly gepleşikler paýtagt Kabulda, ýa-da iň bolmanda Mazar-y Şerif ýaly welaýat merkezlerinde geçirilerdi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň serhetýakadaky Farýap, Jowuzjan we Balh welaýatlaryna sapar etmegi gaty möhümdir.

Meni bu saparyň dowamynda haýsy meseleleriň geňeşiljekdigi diýseň gyzyklandyrýar. Ýaňy özüňiziň hem belläp geçişiňiz ýaly, Meredowyň sapary mundan birnäçe hepde ozal käbir “Arbaki” komandirleriniň we ýerli polisiýa ýolbaşçylarynyň Türkmenistana çagyrylmagyndan soň bolup geçýär.

Azatlyk Radiosy: Brýus, siz ýaňy Türkmenistanyň daşary işler ministriniň saparyny ‘gaty möhüm’ diýip häsiýetlendirdiňiz. Näme sebäpden?

B.Panniýer: Biz bu sebitde eýýäm esli wagtdan bäri dartgynlylygyň saklanyp galýandygyny bilýäris. Biz bu üç welaýatyň haýsy etraplarynyň jeňçileriň, haýsylarynyň hem hökümetiň gözegçiligindedigini hem doly ynam bilen aýdyp bilmeýäris.

Meredowyň bu sebitlere sapar etmeginiň özi hem uly töwekgelçilik. Sebäbi bu territoriýalarda jeňçileriň nireden öňüňden çykjakdygyny bilmeýärsiň.

Reşit Meredowyň bu ýagdaýlara garamazdan, ýola çykmagy, araçägiň o ýüzünde iňňän wajyp gürrüňleriň ediljekdiginden bir nyşandyr.

Azatlyk Radiosy: Resmi metbugatda Meredowyň saparynyň maksady barada jikme-jik maglumat berilmeýär. Emma saparyň dowamynda haýsy mazmundaky gepleşikleriň ediljekdigini çaklap bilerismi?

B.Panniýer: Türkmen döwlet telewideniýesinde Meredowyň sapary bilen bagly nähilidir bir maglumat beriläýse-de, muny Türkmenistandan Owganystana akdyrylýan elektrik energiýasy bilen baglanyşdyrarlar.

Emma regiondaky howpsuzlyk ýagdaýlary nazara alnanda, häzir elektrik eskportyny gürleşer ýaly iň bir amatly wagt dälmikä diýýärin. Sebäbi Türkmenistan bilen serhetleşýän käbir etraplar dolulygyna jeňçileriň gözegçiliginde galýar.

Belki-de, Meredowyň sapary türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlary öz gözi bilen görüp, soňra bu barada Aşgabada hasabat bermekden ybaratdyr. Belki-de, ol gürrüňi gidýän regiondaky ýaragly toparlar bilen resmi däl ýagdaýda gepleşikleri geçirip, serhedi goramak üçin Aşgabadyň nähili hemaýat edip biljekdigi bilen gyzaklanýan hem bolmagy mümkin.

Bu saparyň juda garaşylmadyk bir ýagdaý bolandygyny ýene bir gezek tekrarlasym gelýär. Häzir biz türkmen häkimiýetleriniň Owganystan, iň bärkisi türkmen-owgan serhedi babatyndaky syýasatyny üýtgedip başlandygyna şaýat bolýarys.

XS
SM
MD
LG