Sepleriň elýeterliligi

Britan maliýe ministri bazarlary köşeşdirmäge çalyşýar


Britaniýanyň maliýe ministri Jorj Osborn. 27-nji iýun, 2016 ý.

Britaniýanyň maliýe ministri Jorj Osborn. 27-nji iýun, 2016 ý.

Britaniýa Ýewropa Bileleşiginden çykmak barada ses bereli bäri ýurduň maliýe ministri bazarlary köşeşdirmäge synanyşýar. Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri bolsa "Breksitiň" ýetirmegi mümkin zyýanlaryny çäklendirmek barada elden gelenini edýärler.

Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri 27-nji iýunda ilki Brýussele, ondan soň hem Londona sapar eder. Germaniýanyň, Fransiýanyň we ltaliýanyň liderleri hem krizise çözgüt tapmak maksady bilen Berlinde duşuşarlar. Fransiýa bilen Germaniýa Britaniýanyň Bileleşigi terk etmeginiň netijelerine gezek gelende, özleriniň "agzybirdiklerini" aýtdylar.

Londonda Britaniýanyň maliýe ministri Jorj Osborn ýurduň ykdysadyýetiniň Breksitiň netijelerine hötde gelerlik ýagdaýdadygyny belläp, Angliýa banky (Bank of England) bilen "berk" ätiýaçlyk planyny amala aşyrmagy wada etdi.

“Ýewropa Bileleşiginiň gowşamazlygy möhüm”

Garaşylmadyk "Breksit" 24-nji iýunda bazarlara 2,1 trillion dollar zyýan ýetirip, Britaniýanyň puly poundyň dollaryň garşylygynda 31 ýylyň içinde özüniň iň pes derejesine düşmegine getirdi.

Osborn 24-nji iýunda referendumyň netijeleri yglan edileli bäri, özüniň Angliýa bankynyň başlygy Mark Karneý bilen dowamly habarlaşyp durýandygyny aýtdy. Ol soňra hem gerek bolan halatynda hemmetaraplaýyn oýlanylyp düzülen ätiýaçlyk planyň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Londona saparyndan öň Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogetini bilen gepleşik geçirer.

Amerikanyň ýokary derejeli bir resmisiniň bildirmegine görä, Kerri Bileleşigiň beýleki agzalarynyň Britaniýanyň göreldesine eýermezliginiň, Ýewropa Bileleşiginiň gowşamazlygynyň möhümdigini nygtar.

Gatnaşyklar juda möhüm

Kerriniň Londonda Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammond bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Britaniýada geçen ses berişligiň netijeleri sebäpli bütin dünýäde maýa goýujylara alada aralaşansoň Kerri 26-njy iýunda Rimde Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşigini bazarlary bilelikde köşeşdirmäge çagyrdy.

Ol şeýle hem Amerikanyň Britaniýa bilen bolan "aýratyn gatnaşygyny" ýene bir gezek tassyklap, Ýewropa we Ýewropa Bileleşigi bilen bolan gatnaşygyň Birleşen Ştatlar üçin juda möhümdigini belledi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 27-nji iýunda Fransiýanyň prezidenti François Holland, Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk bilen Berlinde gepleşik geçirer.

“Doly agzybir”

Merkel bilen Holland 26-njy iýunda Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigini terk etmek baradaky kararyna nähili çemeleşmelidigi hakda özleriniň "doly agzybirdiklerini" aýtdylar.

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron öňümizdäki güýz öz wezipesinden çekiljekdigini bildirdi.

Bu aralykda Ýewropa liderleri 28 agzaly Bileleşikden çykmak baradaky çylşyrymly proseslere haýal etmän başlamagy üçin Britaniýa edilýän basyşy artdyrdylar.

Şotlandiýanyň baş ministri Nikola Sturjeon 26-njy iýunda Ýewropa Bileleşiginiň tarapdary bolan Şotlandiýany blokda saklamak üçin elden gelenini etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG