Sepleriň elýeterliligi

ÝB liderleri Britaniýanyň ses berişliginden soň duşuşýarlar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (o), Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland (ç) we Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi (S), Berlin, 27-nji iýun, 2016

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (o), Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland (ç) we Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi (S), Berlin, 27-nji iýun, 2016

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 28-nji iýunda başlanýan iki günlük sammite jemlenýärler. ÝB-niň bu sammiti Britaniýanyň bileleşigiň düzüminden çykmak boýunça ses bermeginden soňky ilkinji ýokary derejeli duşuşygydyr.

Sammitden bir gün öň Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland we Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi bilelikdäki beýannamasynda Ýewropanyň “bütewüdigini” bellediler.

Olar Britaniýa guramadan çykmak boýunça resmi prosesini başlamak üçin Lisabon ylalaşygynyň 50-nji maddasyny işledip başlaýança onuň ÝB bilen gatnaşyklarynyň geljegi barada hiç hili resmi däl gepleşikleriň geçirilmejegini aýtdylar.

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron öz wezipe möhleti tamamlanýança munuň amala aşyrylmajagyny aýtdy we sentýabr aýyny agzady.

Kameron 28-nji iýunda ÝB-niň 27 lideri bilen bilelikde Brussele barýar. ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri ÝB-niň liderlerini “ar alyjy” hereketlerden saklanmaga we “jogapkärçilikli, duýgur” we strategik häsiýetde hereket etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG