Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Orsýet bilen gatnaşyklaryň 'tiz' kadalaşjagyny umyt etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Ankara, 27-nji iýun, 2016

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Ankara, 27-nji iýun, 2016

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan türk harbylarynyň orsýet uçaryny oka tutmagynyň netijesinde wepat bolan pilotyň maşgalasyna “gynanç bildirmeginden” soň Orsýet bilen gatnaşyklaryň “tiz” kadalaşjagyna umyt baglady.

“Men häzirki ýagdaýy geçmişde galdyrmagy başarjagymyzy, ol ýurtlarymyzyň ikisi üçin hem zyýanly, şeýle-de tiz kadalaşma tarap gadam basjagymyzy umyt edýärin”, diýip Erdogan 27-nji iýunda aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim Erdoganyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 29-njy ýa-da 30-njy iýunda telefon arkaly gepleşjekdigini habar berdi.

Türkiýäniň geçen ýylyň noýabr aýynda Orsýetiň uçaryny urup gaçyrmagy iki ýurduň gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrypdy, Ankara we Moskwa bir birine garşy söwda çäklendirmelerini girizipdi, Orsýet öz raýatlarynyň Türkiýä syýahatçylyklaryny ýatyrypdy.

XS
SM
MD
LG