Sepleriň elýeterliligi

Global maliýe bazarlarynda ýene yza gaýdyş boldy


Londonyň (Canary Wharf) maliýe merkezi, 24-nji iýun, 2016.

Londonyň (Canary Wharf) maliýe merkezi, 24-nji iýun, 2016.

Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak boýunça ses berişligi 27-nji iýunda dünýäniň maliýe bazarlarynda gymmatly kagyzlaryň pes bahadan satylmagynyň täze tolkunyna itergi berdi. Britaniýanyň hökümetiň kepil geçmegine garamazdan britan poundynyň hümmeti soňky 31 ýylyň dowamyndaky iň pese derejesine ýetdi.

Britaniýanyň liderleri ýurduň ykdysadyýetiniň ýeterlik derejede güýçlüdigini aýdýarlar we onuň dünýäniň iň kuwwatly ykdysady guramasyndan çykmagyny başarjagyny belleýärler. Emma bu resmi beýannamalar dünýäniň maliýe bazarlarynda iki günüň dowamynda 2008-nji ýyldan soňky döwürde iň uly çökgünliligiň döremeginiň öňüni alyp bilmedi.

Londonyň statusyny ýitmegine degişli howatyrlanmalaryň netijesinde Ýewropanyň maliýe merkezi bolan Ýewropa Banky iki günüň dowamynda uly çökgünlilik bilen ýüzbe-ýüz boldy.

ABŞ-da we Ýewropada söwda indeksleri 24-nji iýunda görkezen 12% çemesindäki yza gaýdyşlardan soň 2-3% derejesinde pese düşdi.

XS
SM
MD
LG