Sepleriň elýeterliligi

UNICEF: Her çaga amatly mümkinçilik döretmeli


Hindistanly çagalar

Hindistanly çagalar

Dünýäde amatsyz şertlerde ýaşaýan çagalaryň köpüsine garyplyk, sowatsyzlyk we ir ölmek howpy abanýar, diýlip BMG-niň UNICEF çagalar fondy 28-nji iýunda ýaýradan täze hasabatynda aýdýar.

Maglumatda berilýän sanlara görä, häzirki ýagdaý saklanyp, amatsyz şertlerde ýaşaýan çagalara üns artdyrylmasa 2016-njy we 2030-njy ýyllar aralygynda dünýäde 69 million çaga bäş ýaşyna ýetmän öňüni alyp bolýan kesellerden ýogalar, 60 million çaga bilim almak mümkinçiliginden mahrum bolar, 167 million çaga garyplykda ýaşar we 750 million aýal maşgala çagaka durmuşa çykarylar.

Problemalaryň ählisiniň esasy sebäbiniň garyplyk bilen baglydygy hasabatda aýdylýar.

Dünýäniň 190 ýurdunda işleýän UNICEF guramasynyň täze hasabatynda bellenişine görä, Günorta Aziýa we sub-Sahara Afrika regionlarynda bilimsiz enelerden doglan çagalaryň orta bilimli enelerden doglan çagalara garanda bäş ýaşyna ýetmän ölmek töwekgelçiligi üç esse ýokary bolýar. Sub-Sahara Afrikada azyndan 247 million çaga, ýagny her üç çagadan ikisi aşa garyp şertlerde ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG