Sepleriň elýeterliligi

Parahatçylyk Fondy: Türkmenistan aşa ýokary töwekgelçilikli ýurt


Dünýä ýurtlarynyň gowşaklylyk indeksi 2016

Dünýä ýurtlarynyň gowşaklylyk indeksi 2016

Parahatçylyk Fondunyň Dünýä ýurtlarynyň gowşaklylyk indeksi atly hasabatynda Türkmenistan 83-nji setirde ýerleşdirilip, aşa ýokary töwekgelçilik astyndaky ýurtlaryň toparynda öňki post sowet ýurtlaryndan Azerbaýjan, Belarus, Moldowa we Ukraina bilen bilelikde görkezilýär.

178 ýurdy öz içine alýan bu ýyllyk hasabatda dünýä ýurtlarynyň sosial, ykdysady, syýasy ýagdaýyny görkezýän 12 sany indikator alamatlary esasynda baha kesgitlenýär.

Hasabata görä dünýäniň iň gowşak ýurdy Somali bolup, iňňän uly töwekgelçilik astyndaky ýurtlar toparyna birnäçe Afrika ýurtlary bilen bilelikde Siriýa hem girýär.
Hasabatda dünýäniň iň durnukly ýurdunyň Finlýandiýadygy aýdylýar.

Parahatçylyk Fondy Dünýä ýurtlarynyň gowşaklylyk indeksi atly hasabatyny 12 ýyl bäri çap edip gelýär. Geçen ýylda Türkmenistan 78-nji setirde we töwekgelçilikli ýurtlar toparynda görkezilipdi.

XS
SM
MD
LG