Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandaky iň meşhur we hökümet tarapyndan häzire çenli ýapylmadyk Line sosial ulgamy ýurtda geçen şenbeden bäri işlemeýär.

Gürrüňi gidýän sosial ulgamyň petiklenmeginiň yzysüre Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistandan köpsanly hatlar gelip başlady. Soňra-da Azatlygyň saýtynda “Line ulgamynyň petiklenmegi size nähili täsir ýetirdi?” diýen sorag bilen açylan foruma biziň diňleýjilerimizden we okyjylarymyzdan onlarça teswirler gelip gowuşdy.

Bu mesele bilen bagly öz pikirlerini aýdanlaryň tas ählisi diýen ýaly bu soňky gadaganlygyň garşysyna ýiti nägilelik bildirýärler.

Meselem, Mekan atly okyjymyz ilki forumda goýlan soraga jogap berip, soňra-da gös-göni türkmen hökümetine ýüzlenip, şeýle diýýär: “Gaty erbet täsir ýetirdi. Näme sebäpden ýapdylarka bu saýty??? Türkmenistanda internet umuman işlänok. Ýönekeýje bir Line işleýärdi. Ony-da aýyrdylar. Köp zady şu Line-niň üsti bilen görüp-eşidip bilýärdik... Näme üçin ýapýarsyňyz?! Açyň-da bu saýty, ýapmaň, gaýrat ediň!”.

Lineniň petiklenmegine, esasan-da, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplary öz närazylygyny bildirip, türkmen hökümetinden bu soňky ädiminiň sebäbini düşündirmegini soraýarlar.

“Bu daşary ýurtda okaýanlara gaty erbet täsir ýetirdi. Üç günden bäri öý bilen habarlaşyp bilemok; telefon nomerden jaň etseňem, puluna çydar ýaly däl. Hökümet mundan ozal Skype-y petikledi. Öýdäkiler bilen günde gürleşýärdim... Daşary ýurtda okap ýören talyplary näme sebäpden köseýäňiz???” diýip, “Talyp Istanbul” lakamly okyjymyz türkmen hökümetine ýüzlenýär.

Nurmuhammedowa A.G. atly başga bir türkmenistanly “Daşary ýurtlarda her kimiň çagasy okaýar... Indi maşgalam bilen habarlaşyp bilemok. Hemme ýerden bagladylar. Türkmenistandaky hökümet halkyny kösäp bilse, başga armany ýok ýaly” diýip zeýrenýär.

Özüni “Gaplaňbaý” diýip atlandyran başga bir okyjymyz “Biz – daşary ýurtda okaýan talyplara esasan hem öýümiz bilen habarlaşmak kynlaşdy. Sebäbi Türkmenistan üçin Line messenjerinden başga gürleşer ýaly amatly programma (tilsim – red.) ýok, hemmesi petikelenen. Internedi arkaýyn ulanyp bilmejek bolsak, nämä gerek ol ‘INTERNET’, şonsuzam ‘arzanjak’ we ‘örän ýokary tizlikli internedimiz’ bar” diýip, bu ýagdaý bilen bagly öz kinaýasyny bildirýär.

Ýeri gelende bellesek, okyjymyz “Gaplaňbaýyň” aýdyşy ýaly, Türkmenistanda Facebook, WhatsApp, Skype, Wkontakte ýaly sosial ulgamlar ozaldan hökümet tarapyndan petiklenen.

Okyjylarymyzyň tas barysy diýen ýaly öz teswirlerinde bir ýurtda Internediň çäklendirilmeginiň ýurdy “yza tesdirýändigini” nygtaýarlar.

“Umuman Internedi petikleýärler. Gaty yzagalak döwletimiz bar, hökümet (agentler) hemme zatdan gorkup otyr. Youtube, Facebook, WhatsApp, Line [ýaly sosial ulgamlary] petiklemek nämä gerek?! Adamlar oýanmasynlar, dogryny öwrenmesinler diýip etjegini edýärler...” diýip “Atsyz” lakamly okyjymyz Türkmenistanda sosial ulgamlaryň ýapylmagynyň sebäplerine ünsi çeýär.

“Ýakdyň Süleýmany” ady bilen teswir galdyranlaryň biri bolsa “Türkmenistan ýuwaş-ýuwaşdan onunjy asyra geçip barýar... Indi elimize ok-ýaý alyp, şony atyp oýnaýmasak” diýip, türkmen hökümetiniň halky salan ýagdaýyny ýaňsylaýar.

Azatlyk Radiosynyň bu temadan açylan forumuna agzalanlardan başga-da ençeme, şol sanda Türkmenistandaky Internet gadagançylygynyň ýurduň geljegine ýetirip biljek oňaýsyz tasirlerini suratlandyrýan teswirler geldi.

Bu we beýleki teswirler bilen, Türkmenistanda elýeterli bolan proksi tilsimler arkaly, Azatlyk Radiosynyň ”Azathabar.com” saýtyna girip, tanyşmagy diňleýjilerimiziň we okyjylarymyzyň özlerine goýýarys.

Biz Azatlyk Radiosynyň forumynda galdyrylan, şeýle-de efirde seslendirilen teswirleriň okyjylaryň öz şahsy garaýyşlarydygyny we olaryň Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýandygyny ýatladýarys.

Sözümiziň soňunda bellesek, petiklenmesi kyn hasaplanýan Telegram sosial ulgamy Türkmenistanda häli-häzirlikçe işleýäne meňzeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG