Sepleriň elýeterliligi

Merkel Ýewropa Bieleşigini güýçlendirmäge çagyrdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Berlin, 28-nji iýun, 2016

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Berlin, 28-nji iýun, 2016

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Berliniň hem Britaniýa bilen gatnaşyklary ösdürmek, hem-de Ýewropa Bileleşigini (ÝB) güýçlendirmek ugurlardan işlemek niýetiniň bardygyny mälim etdi.

“Ýewropa Bileleşiginiň galan 27 ýurdunyň öňe tarap dogry ädim ätmäge islegini we ukybyny görkezmeginiň näderejede wajypdygyna biz düşünýäris”, diýip Merkel 28-nji iýunda Germaniýanyň parlamentinde aýtdy.

Ol ÝB-ni güýçlendirmek boýunça öňe sürlen ähli teklipler üçin minnetdarlyk bildirdi we munuň beýleki ýurtlaryň hem bileleşigi terk etmegine itergi bolup biljek ýagdaýlaryň öňüni almak üçin zerurdygyny belledi.

Merkel Britaniýanyň ÝB bilen gatnaşyklarynyň geljegi barada resmi we resmi däl derejede gepleşiklere başlamazdan ozal bileleşikden çykmak ugrundaky çäreleri amala aşyrmalydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG