Sepleriň elýeterliligi

Amerikan ilçisi: NATO iň täsirli goranyş ýaranlygy


NATO ýaranlygyndaky döwletleri goramak boýunça geljek hepde geçjek möhüm sammitiň öňýanynda, Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki ilçisi Moskwanyň NATO-nyň maksatlary baradaky aladalaryny köşeşdirmäge synanyşdy. Ol ýaranlygyň Kremliň Ukrainadaky agressiýasyna jogap bermäge mejbur bolandygyny aýdýar.

Jon Tefft 27-nji iýunda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Ors gullugyna beren interwýusynda Orsýetiň söweş uçarlarynyň Amerikanyň harby-deňiz gämileriniň we harby-howa güýçleriniň uçarlarynyň depesinden uçmagy barada Birleşen Ştatlaryň beren duýduryşlaryny gaýtalap, bu işleriň gereksiz prowokasiýadygyny aýtdy.

8-9-njy iýulda NATO-nyň Warşawada ýokary derejeli duşuşygy geçýär. Bu sammitde ýaranlygyň liderleriniň Polşa we Baltika döwletlerindäki güýçleriň ep-esli artdyrylmagyny makullaryna garaşylýar. Tefftiň beýanatynda hem göz öňünde tutulýan şu duşuşyk.

Deliller

Täze güýçleri ýerleşdirmekden maksat Moskwa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alyp, gündogar Ukrainada Kiýewiň güýçleri bilen separatistleriň arasynda uruş oduny tutaşdyraly bäri, onuň niýetlerinden aladalanýan gündogar Ýewropany arkaýynlaşdyrmak.

Kreml NATO-nyň liderleri gündogara, öňki sowet döwletlerine tarap giňemezlik barada 1990-njy ýyllarda beren wadalarynda durmadylar diýip, ençeme ýyl bäri nägilelik bildirip gelýär. NATO bolsa muny esassyz diýip ret edýär.

Tefft Moskwa NATO-nyň giňemegine agressiw hereket diýip garamaly däl, gündogar Ýewropada harby güýçleriň artdyrylmagy Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerine berilýän jogap diýip, Günbataryň getirýän delillerini gaýtalaýar.

Haýbat

"NATO bir goranyş ýaranlygy. Men muny Orsýetde çem gelen ýerde aýdýaryn. Ol bir agressiw gurama däl" diýip, Tefft aýdýar.

Ol soňra hem: "NATO-nyň sammit üçin taýýarlan jogaby bu ýerde bolan zatlara, 2014-nji ýylda Krymda we gündogar Ukrainada bolan zatlara berilýän jogap" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Kreml Birleşen Ştatlaryň Rumynýa we Polşada ýerleşdirilýän raketadan goranyş sistemasyny hem gaharly tankytlap, oňa garşy gerekli çäreleri göjekdigini aýdyp, haýbat atdy.

Tefftiň nygtamagyna görä, bu sistema Orsýete hüjüm etmek üçin niýetlenen zat däl:

"Biz ors tarapy bilen gürleşdik. Olar gepleşikden çykyp gitdiler. Bu zatlaryň nähili işlemelidigini görkezmek üçin NATO-Orsýet desgalaryny gurmagy teklip etdik. Bu aslynda birek-birege ynam döretmäge gönükdirilen bir çäre bolardy. Ýöne orslar bularyň hiç birini kabul etmediler".

NATO "möhüm güýç"

Tefftiň pikiriçe, NATO Ýewropada we başga ýerlerde durnuklylyk üçin möhüm güýç bolup durýar.

Prezidentlik saýlawlarynda "Respublikan" partiýasynyň kandidaty bolmak ähtimallygy has ýokary bolan Donald Trumpyň NATO-ny tankytlap, ony "möwridi öten" gurama diýip atlandyrmagy barada soralanda Tefft saýlawda özüniň hiç bir kandidata kömek bermegi teklip etmändigini nygtap, ýaranlygy gorap:

"Strategik sistemany, bir guramany, häzirki halatda, adamzat tarapyndan döredilen iň netijeli goranyş ýaranlygyny elden bermeli däldir. Bular ýaly zatlardan el üzmeli däldir" diýýär.

XS
SM
MD
LG