Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri partlamany ret edýär


Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky ýag-ýangyçlar üçin niýetlenen ätiýaçlyk çeleginde, ýagny rezerwuarynda partlamanyň bolandygy baradaky maglumatlary ret edýär diýip, “Rosbaltu” neşiri habar berýär.

Orsýetiň “Rosbaltu” neşiriniň türkmen Içeri işler ministrliginiň hukuk goraýjy organlaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, “Türkmenbaşy şäherinde adatdan daşary hiç hili ýagdaý, galyberse-de adam ýitgisi bolmandyr”.

Şol bir wagtyň özünde, 27-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligindäki çeşmesi geçen anna güni giçlik Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky ýag-ýangyçlar üçin niýetlenen ätiýaçlyk çeleginde partlamanyň bolandygyny tassyklap, wakanyň netijesinde bir aýal maşgalanyň ýaralanandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG