Sepleriň elýeterliligi

‘Atatürk’ aeroportunda uçuş gatnawlary öňküsi ýaly dowam edýär


Stambulyň "Atatürk" adyndaky aeroporty.

Stambulyň "Atatürk" adyndaky aeroporty.

Stambulyň häkimi “Atatürk” adyndaky aeroporta edilen hüjümde ölenleriň sanynyň 41 adama, ýaralananlaryň bolsa 239-a ýetendigini aýdýar.

Stambulyň “Atatürk” adyndaky aeroportunda bolan ýowuz hüjümden bir gün soň, howa gatnawlarynyň ählisi gaýtadan öňküsi ýaly dowam edýär.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym 29-njy iýunda aeroportda žurnalistlere beren beýanatynda howa gatnawlarynyň talabalaýyk dowam edýändigini mälim etdi.

Türk howaýollary kompaniýasynyň websaýtynda berlen maglumatda “uçuş operasiýalarynyň gaýtadan başlanandygyny” aýdylyp, ýolagçylara özleriniň “aktual”, ýagny bar bolan uçuş maglumatlaryny yzarlamak maslahat berilýär.

28-nji iýunda giçlik janyndan geçen üç hüjümçi aeroporta hüjüm etdi. Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan “günäsiz parahat ilata” edilen “terrorçylykly hüjümi” ýazgardy.

XS
SM
MD
LG