Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Dört polisiýa ofiseri öldürildi


Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň ofiserleri.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň ofiserleri.

Pakistanyň polisiýasy ýurduň günorta-günbatarynda bolan aýry-aýrylykdaky iki hüjümde ýaragly adamlaryň dört ofiseri öldürendigini aýdýarlar.

Polisiýa ok atyşygyň 28-nji iýunda gije Bulujystan welaýatynyň Kwetta sebitinde bolandygyny belleýär. Wakanyň bolan ýerinden ýaragly adamlaryň gaçyp gidendigi aýdylýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Bulujsytan Pakistanyň iň uly welaýaty bolup, soňky ýyllarda bu ýerde kiçi göwrümdäki gozgalaňlar amala aşyrylýar.

Bu regiondaky kiçi separatist toparlar hökümeti welaýatyň tebigy baýlyklarynyň girdejisinden has köp paý bermäge çagyryp, polisiýa we howpsuzlyk güýçlerine hüjüm edýärler.

XS
SM
MD
LG