Sepleriň elýeterliligi

ÝB liderleri Bileleşik aladasyny Britaniýasyz edýärler


Belgiýa, Komissiýa agzasy EB sammiti mahalynda Britaniýanyň baýdagyny aýyrýar. Brýussel, 28-nji iýun, 2016.

Belgiýa, Komissiýa agzasy EB sammiti mahalynda Britaniýanyň baýdagyny aýyrýar. Brýussel, 28-nji iýun, 2016.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Britaniýa geçen hepde bileleşigi terk etmek kararyna geleninden soň tapgyr ikinji gün Bileleşigi berkitmek we Angliýanyň çykyşynyň esaslaryny taýýarlamak barada maslahat etdiler.

ÝB-niň 27 ýolbaşçysy Bileleşigiň şonuň ýaly referendumlar we Bileleşigi terk etmek meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýan beýleki agzalaryň meselelerini çözmegiň pikirini edýärler. Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Brýusselde 29-njy iýunda geçirilýän duşuşyga gatnaşmady.

Şeýle-de olar migrasiýa meselesini çözmegiň üstünde iki bölege bölündiler. Bu Britaniýanyň 23-nji iýunda geçiren referendumynda hem esasy meseleleriň biri bolupdy.

"Bu gün mesele biziň özümizde, öz bütewiligimizde we Britaniýanyň bileleşikden çykmagyna geçiş döwrüne taýýarlygymyzda" diýip, Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaýte žurnalistlere aýtdy.

Ol Ýewropanyň ukudan açylmalydygyny we immigrasiýa we ykdysady ösüş barada adamlaryň aýdýan zatlaryna gulak asmalydygyny aýtdy.

"Ýewropa hyzmatdaşlygyna şübhe bildirýänler diňe britaniýaly saýlawçylar däl" diýip, Niderlandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte aýtdy. Onuň syýasy garşydaşlary eýýäm ýurduň Ýewropa Bileleşiginden çykmagyna çagyryş etdiler.

"Bu ýerde tehnokratiýa pikiri bar, biz Ýewropanyň hakyky goşmaça gymmat getirýändigini görkezmeli we bu biziň raýatlarymyzyň durmuşynda duýulmaly" diýip, Belgiýanyňpremýer-ministri Çarlz Mişel (Charles Michel) aýtdy.

Brýusseldäki duşuşygyň birinji güni, «Breksit» diýilýän referendumdaky ýeňlişi kabul edip, oktýabrda işden çekiljekdigini aýdanyndan soň, Kameronyň Ýewropa sammitine soňky gatnaşyşy bolar öýdülýär.

Kameron, «gamgynlyk we ökünç tonuna» garamazdan, Britaniýanyň bileleşikden çykmak baradaky kararyna «ählumumy hormat» goýlandygyny aýtdy.

Ol, müňlerçe protestçiniň Londonyň köçelerinde ÝB-niň tarapyny tutup geçirýän demonstrasiýalaryna, Zähmet partiýasynyň ikinji referendumy geçirtmek babatda edýän tagallalaryna garamazdan, britan saýlawçylarynyň kararynyň yzyna alynmajakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Kameron öz ýurdunyň Ýewropa ýeňsesini öwürmejekdigini, gelejek nämeleri getirse-de, söwda we howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň wajyp boljakdygyny aýtdy.

Şotlandiýanyň baş ministri Nikola Sturgeona 29-njy iýundaky duşuşykdan öň Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şuls tarapyndan hoş geldiň diýildi.

Şotlandiýanyň baş ministri Nikola Sturgeona 29-njy iýundaky duşuşykdan öň Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şuls tarapyndan hoş geldiň diýildi.

Şotlandiýanyň baş ministri Nikola Sturgeona 29-njy iýundaky duşuşykdan öň Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şuls (Schulz) tarapyndan hoş geldiň diýildi.

German kansleri Angela Merkel we beýleki ÝB liderleri Britaniýanyň bileleşikden mümkin boldugyça çalt çykmagyny planlaşdyrmagyna eden çagyryşlaryny gaýtaladylar we London Lisbon şertnamasynyň 50-nji maddasy esasynda resmi çykyş beýanatyny edýänçä hiç bir gepleşigiň bolmajagyny tekrarladylar.

Mälim bolşy ýaly, Lisbon şertnamasynyň 50-nji maddasy söwda we beýleki ugurlardaky çykyş boýunça ylalaşygyň ahyrky möhletini iki ýyl diýip kesgitleýär.

ÝB liderleri Britaniýa täze ýolbaşçy saýlamak we çykyş düzgünlerini berjaý edip başlamak üçin birneme wagt berjekdiklerini aýtdylar, ýöne özleriniň London bilen «Breksitden» soňky gatnaşyklar babatdaky gepleşiklerde berk pozisiýada durjakdyklaryny hem aýan etdiler.

Britaniýa "syýasy taýdan, pul babatda, konstitusiýa we ykdysady taýdan çökdi" diýip, Rutte aýtdy. "Muny inkär etmek manysyz bolardy. Goý, olar öz syýasy öýlerini düzgüne salsynlar."

"Ýewropa hatda şu gün hem aýrylyşmak prosesini başlamaga taýýar" diýip, ÝB Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk aýtdy we Britaniýada indiki ädim ädilýänçä «tozanyň ýatmagy üçin» wagt gerekdigine düşünýändigini sözüne goşdy.

Emma Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker Britaniýanyň «araçyllyk etmäge aýlap» wagtynyň ýokdugyny aýtdy we London Kameronyň ýerine premýer bellenenden soň ara salym salman 50-nji maddany işe girizip biler diýdi.

Kameron, ÝB-niň beýleki liderleri bilen nahar wagtynda, olary ÝB-niň hereket azatlygy babatdaky düzgünlerini reforma etmek barada pikirlenmäge çagyrdy.

Ol munuň ykdysady bileleşigiň merkezi ýörelgesidigini we çykmaga ses beren adamlaryň kararyna sebäp bolan zatlaryň biriniň hereket azatlygy bolandygyna ynanýandygyny aýtdy.

Fransuz prezidenti Fransua Olland bu pikire garşy çykdy we ÝB-niň gymmat bahaly ýeke-täk bazaryna elýeterliligiň harytlaryň, maýanyň, işçileriň we hyzmatlaryň hereket azatlygyny ykrar etmeklige baglydygyny aýtdy.

"Eger olar hereket azatlygyny islemeseler, olar ýeke-täk bazara bolan elýeterliligi hem islemezler"diýip, ol aýtdy.

"Maşgalany terk edýän kimem bolsa, hiç bir borçnamasy bolmazdan, ozal eýe bolan ýeňilliklerinden peýdalanyp bilmez" diýip, Merkel aýtdy.

Juncker 29-njy iýunda giçlik Brýusselde Şotlandiýanyň baş ministri Nikola Sturgeon bilen duşuşar, ol Şotlandiýanyň ÝB-niň hatarynda galmagyny we şotland parlamentine ÝB guramalary bilen göni gepleşik geçirmek barada resmi ygtyýarlygyň berilmegini isleýär.

Sturgeon biraz öň Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şuls bilen gepleşik geçirdiwe Şotlandiýanyň ÝB-niň hatarynda galmakçydygyny jar etdi.
Şuls özüniň «diňländigini we öwrenendigini» aýtdy.

Şotlandiýa, Britaniýanyň bileleşikden çykmak gepleşikleri mahalynda geçirer ýaly, garaşsyzlyk baradaky referendumyň kanun taslamasyny taýýarlar.

Kameron, şotlandiýaly saýlawçylaryň 2014-nji ýyldaky referendumda eýýäm garaşsyzlygy ret edendigini aýdyp, bu inisiatiwa garşy çykdy.

Angliýanyň ýene bir agzasy bolan Irlandiýa hem aglaba ýagdaýda ÝB-niň hatarynda galmaga ses berdi.

XS
SM
MD
LG