Sepleriň elýeterliligi

Owgan bosgunlarynyň Pakistanda galmagynyň möhleti uzaldyldy


Bosgun zenan owgan türkmenleriniň lagerinde haly dokaýar, Peşawar

Bosgun zenan owgan türkmenleriniň lagerinde haly dokaýar, Peşawar

Owgan bosgunlary Pakistanda ýylyň aýagyna çenli galyp bilýärler.

Premýer-ministr Nawaz Şarifiň bu karary owgan bosgunlarynyň ýurdy terk etmegi üçin göz öňünde tutulan wagt möhletiniň tamamlanmagynyň yzýany yglan edildi.

Pakistanda häzirki wagtda 1.5 million owgan bosguny ýerleşýär.

Hökümetiň 29-njy iýunda agşam çap eden beýannamasynda Şarifiň bosgunlar lagerlerini Pakistandan Owganystana yzygiderli göçürmek üçin BMG-niň Bosgunlar edarasy bilen işleşmegi häkimiýetlere tabşyrandygy aýdyldy.

Yslamabat bosgunlar lagerlerinde ençeme söweşijiniň gizlenýändigini aýdýar.

BMG-niň Bosgunlar boýunça Baş komissary Filippo Grandi şu hepdede Pakistana sapar etdi. Ol Owganystana dolanmak isleýän owgan bosgunlaryna berilýän maliýe kömeginiň möçberini 200 amerikan dollaryndan 400 dollara çenli artdyrmagy wada berdi.

XS
SM
MD
LG