Sepleriň elýeterliligi

'Ötünçden' soňky alasarmyklyk, Türkiýe ýerinden gozganýar


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň goşa suraty.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň goşa suraty.

Hiç kim beýle zat bolar diýmeýärdi.

Türkiýäniň prezidenti hiç haçan ötünç soramaz. Ol, dogrudan, bu işi etjek adam hem däl. Ysraýyl we Orsýet bilen ýaraşyk? Ýok!

Erdogan Ysraýyla garşy bir yslamçy (şeýlemi?) - asla mümkin däl. Orsýet bilen Türkiýe hem Siriýada iki sany aşa garşylykly taraplary tutýarlar. Bu-da bolmaz.

27-nji iýunda iki habar bizi geň galdyrdy. Ilki Ysraýyl, soňra hem Orsýet. Ikisi-de bir günde, biri-biriniň yzyndan. Kömek diýip, Gaza azyk we derman alyp barýan türk gämisi "Mawy marmara" Ysraýyl tarapyndan hüjüm edileninden ýedi ýyl soňra Türkiýe Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.

Ankaranyň siriýa-türk serhedinde Orsýetiň Su-24 söweş uçaryny urup ýykanyndan ýedi aý soňra Moskwa bilen bolan gatnaşyklar-da kadalaşdyrylýar.

Bu iki hadysada Türkiýe Ysraýyldan ötünç soramagy talap etdi, Orsýet hem Türkiýeden.

Ötünç soralar diýip, hiç kim pikir etmeýärdi. Ýöne iki tarap-da muny etdi, her niçik-de bolsa, bu iş ýol alman galmady.

Ötünçden soňra Türkiýede oppozisiýa we tankydy media hiç kimiň anyk jogap berip bilmejek soraglaryny orta atyp, gykylyk turuzdy.

Ýedi ýyl mundan ozal "palestinalylar bilen doganlyk" diýlip berlen şygarlara, öwünmelere näme boldy? Orsýetiň söweş uçaryny urup ýykanyňda näme üçin buýsanç bilen orslar barada berk durjakdygyňy aýtdyň? Diňe ýedi aýdan soňra ötünç soramak? Erdogan "gynanç bildirdimi" ýa "ötünç soradymy" diýip, hökümetiň tarapdarlary bilen oňa garşylar arasynda jedel turdy.

Türkiýäniň mediasynda, neşiriň syýasy tutumyna laýyklykda, biri "ötünç" diýse, beýlekisi "gynanç" diýýär. Erdoganyň hatynda bu sözleriň ikisiniň-de bar bolmagy ähtimal.

Ol orsýetli pilotyň ölümi sebäpli onuň maşgalasyndan ötünç sorapdyrmy ýa-da ors prezidenti Wladimir Putinden? Internetde Erdoganyň edarasy tarapyndan iki ýyl çemesi mundan ozal ýaýradylan bir tweet peýda boldy. Erdogan bu tweetde geçmiş bilen däňäniňde Türkiýäniň indi güýçli ýurda öwrülendigini aýdýar:

"Köne Türkiýe, boýnuny burup, beýlekileriň buýrugyny ýerine ýetirýän Türkiýe, ötünç soraýan Türkiýe indi ötdi".

Muny bellemegim gerek, men Erdogan däbe berk eýerýän bir türkdir, ol öz sözünden dänmez diýip pikir edýärdim. Ýiti tankytçylar bize "öz tüýküligiňi ýalamaly däldir" diýen türk nakylyny ýatladýarlar.

Ýöne ol öz pikirini üýtgetmekde kynçylyk çekmeýäne meňzeýär. Akyl-paýhas üstün çykyp, oýlanyşyksyz duýgy çete itildi.

Indi goý, analizçiler seljersinler, žurnalistler ýazsynlar, köçelerdäki adamlar çen-çak bilen gürlesinler. Adamlaryň sözleriniň, belki, dogry taraplary bardyr, belki-de ýokdur. Men onuň tarapdarlary we garşydaşlary bilen gürleşemde başga bir türk nakylyny getirdim: "Alan şat, beren şat".

Iki tarap-da öz eden işine begenýär. Taraplaryň ikisi-de ylalaşyk öz ýurtlary üçin, parahatçylyk we regionyň abadançylygy üçin jedelleşmekden, uruşmakdan gowudyr diýip umyt edýär.

Hakykat şeýle: Erdogan, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we Putin özleriniň çak edilişinden has egilişikçidiklerini görkezdiler. Munuň bolsa hem üç ýurduň özleri üçin, hem-de region üçin peýdaly bolmak ähtimallygy gaty ýokary. Inşalla!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG