Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe aeroporta edilen hüjümden soň reýd geçirdi


Stambul, 29-njy iýun, 2016
Stambul, 29-njy iýun, 2016

Stambulyň polisiýasy “Atatürk” aeroportuna amala aşyrylan hüjümlerden soň “Yslam döwleti” toparynyň agzasy bolmakda güman edilýänleri gözlemek boýunça reýd geçirdi.

“Anadolu” agentliginiň 30-nji iýunda habar bermegine görä, şäheriň üç bölegindäki binalary barlady, emma tussag edilenler barada maglumat berilmedi.

Häkimiýetler 28-nji iýunda dünýäniň iň köp adamly aeroportlarynyň birinde bolan hüjümleri amala aşyrmakda “Yslam döwleti” ekstremist toparyny aýyplady. Hüjümde 42 adam wepat boldy we 230-den gowrak adam ýaralandy.

“Anadolu” agentligi ady agzalmadyk howpsuzlyk çeşmesine salgylanyp, 25-nji iýunda serhetden bikanun geçmäge synanyşan iki siriýalynyň öldürilendigini habar berdi. Olaryň biriniň Ankarada ýa-da Adana şäherinde terrorçylykly hüjümi amala aşyrmakda güman edilip, Türkiýede tarapyndan gözlenendigini agentlik belledi.

XS
SM
MD
LG