Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystan salafitleri terrorçy dildüwüşige gatnaşykda aýyplady


Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Wladimir Žumahanow (ç) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Astana

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Wladimir Žumahanow (ç) we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Astana

Gazagystanyň howpsuzlyk resmileri aşa-konserwatiw yslamçy toparyň tarapdarlarynyň gizlin terrorçylykly hüjümiň arkasynda durandygyny aýdýarlar.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti (KNB) “elde ýasalan partlaýjy serişdeleri ulanmak arkaly terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmagy” planlaşdyran toparyň birnäçe agzasyny tussag edendigini 29-njy iýunda yglan etdi. Terrorçy bolmakda güman edilýänleriň biri öz-özüni partlatdy, diýlip maglumatda bellendi.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Wladimir Žumahanow tussag edilen alty adamyň salafitlerdigini aýtdy we olaryň şu aýyň başynda Aktobe şäherinde bolan heläkçilikli hüjüme jogapkärler bilen hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny habar berdi.

Şol hüjümlerde häkimiýetler tarapyndan “Yslam döwleti” toparynyň tarapdarlary diýlip atlandyrylan 20 çemesi adam ýarag satýan dükanlara we harby bölüme hüjüm edip, ýedi adamy öldürdiler.

Howpsuzlyk güýçleri 18 hüjümçini öldürdiler.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Aktobe hüjümçilerini salafitler diýip atlandyrypdy.

Salafitler sünni yslamyň berk akymy bolup, yslamyň şaýy akymyny we sifizmi ykrar etmeýär.

XS
SM
MD
LG