Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Aeroportdaky hüjüm bilen bagly 13 adam ele salyndy


Stambulyň "Atatürk" aeroporty, 29-njy iýun, 2016

Stambulyň "Atatürk" aeroporty, 29-njy iýun, 2016

Türkiýäniň resmisi Stambulyň aeroportunda özüni partladanlaryň Orsýetiň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary bolandygyny aýtdy.

30-njy iýunda Türkiýäniň we Günbataryň mediasy tarapyndan sitirlenen ady agzalmadyk resmi goşmaça maglumat bermändir.

Türkiýäniň polisiýasy Stambulyň “Atatürk” aeroportuna edilen heläkçilikli hüjümiň yzýany 13 adamy, şol sanda üç daşary ýurtlyny tussag etdi.

Türkiýäniň mediasy 30-njy iýunda polisiýanyň Stambulyň 16 böleginde reýd geçirendigini habar berdi.

Häkimiýetler 28-nji iýunda bolan hüjümi amala aşyrmakda “Yslam döwleti” ekstremist toparyny aýyplady. Hüjümde 42 adam wepat boldy we 230 adamdan gowragy ýaralandy.

Türkiýäniň hökümet neşri “Ýeni Safak” aeroportda özüni partladan üç hüjümçiden biriniň Orsýetiň durnuksyz Dagystan regionyndandygyny habar berdi.

Polisiýanyň amala aşyran ýokary derejeli çäreleriniň ýene biriniň netijesinde “Yslan döwleti” topary bilen gatnaşykda bolmagy güman edilýän dokuz adam Izmir şäherinde ele salyndy. Olaryň aeroportdaky hüjüme gatnaşygy nämälim galýar.

XS
SM
MD
LG