Sepleriň elýeterliligi

Stambul hüjümçileri özbegistanly, gyrgyzystanly we orsýetli


Stambulyň Atatürk aeroportynda duran goragçy

Stambulyň Atatürk aeroportynda duran goragçy

Günbatar habar çeşmeleriniň bir türk resmisine salgylanyp beren maglumatyna görä, 28-nji iýunda Stambulyň Atatürk aeroportuna hüjüm edenleriň arasynda Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Orsýetiň raýatlary bar.

Bu habar, janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan amala aşyrylan şol waka bilen baglanyşykly 13 adamynyň, şol sanda 3 daşary ýurtlynyň tussag edilendigi baradaky maglumatlaryň yzysüre ýaýrady.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri bu meselede haýsydyr bir pikiri beýän etmekden saklanýarlar we Özbegistanyň degişli resmileri hem bu barada häzirlikçe hiç hili beýanat bilen çykyş edenoklar.

Mundan ozal, 28-nji iýunda, Stambulyň Atatürk aeroportunda bolan partlamada ölenleriň sanynyň bolsa 43 adama ýetendigi habar berlipdi. Bu hadysada ýaraly bolanlaryň sanynyň 239 adama barabardygy aýdylýar. Ölenleriň aglabasy Türkiýäniň raýatlary bolup, olaryň 12-siniň bolsa daşary ýurtlulardygy aýdylýar.

Türk häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, ölen daşary ýurtlulardan 6-sy Saud Arabystanynyň, 2-si Yragyň, galanlary-da Hytaýyň, Özbegistanyň, Iordaniýanyň, Tunisiň, Eýranyň we Ukrainanyň raýatlarydyr.

Türkiýäniň saglyk ministri Rejep Akdag 29-njy iýunda eden çykyşynda, ýaralylaryň arasynda hem daşary ýurtlularyň bolandygyny aýtdy:

”Ýaralananlaryň arasynda Türkiýäniň raýatlary bilen bir hatarda Saud Arabystanynyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Ukrainanyň, Şweýsariýanyň raýatlary hem bar”.

Türk häkimiýetleriniň maglumatyna görä, agzalýan partlama janyndan geçen üç sany bombaçy tarapyndan amala aşyrylyp, olar aeroporta taksili gelipdirler we özlerini partlatmazdan ozal howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdyrlar.

Türkiýäniň premýer-ministri Binaly Ýyldyrym bu partlama bilen şu ýylyň mart aýynda Brýusseliň aeroportunda bolan wakanyň arasyndaky meňzeşlige ünsi çekip, deslapky maglumata görä, munuň ”Yslam döwleti” terror topary tarapyndan amala aşyrylan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bolsa, bu hüjümiň terrora garşy göreşde aýgytly pursat bolmalydygyny belläp, terroristleriň hiç hili dini gymmatlyklara hormatynyň ýokdugyny nygtaýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 29-njy iýunda türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogana jaň edip, onuň baş saglygyny diledi hem-de Amerikanyň türklere terrorçylyga garşy göreşde hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýyndygyny aýdyp,şeýle diýdi: ”Stambulda bolan partlama bilen bagly, men Türkiýä çuňňur gynanjymy bildirýärin”.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem prezident Erdogan bilen 29-njy iýunda bolan telefon gepleşiginde Stambul aeroportuna edilen hüjüm bilen bagly gynanjyny bildirdi.

Şol hüjüm bilen bagly gynanç bildirenleriň arasynda ”Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň” baş sekretary Iýad Madani hem bar. Ol bu barada sözlän sözünde Stambul aeroportuna edilen hüjümi çuňňur ýazgarýandygyny aýdyp, terrorizme garşy halkara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna çagyrdy.

Ýewropanyň iň uly 3-nji aeroporty bolan Stambul Atatürk aeroportunda bolan partlamalar, şu ýylyň dowamynda Türkiýede amala aşyrylan şeýle wakalardan biri bolup, mundan ozal Stambulda, Ankarada hem janyndan geçen bombaçylar tarapyndan terroristik hüjümler amala aşyrlypdy.

Türkiýe, umuman, şol hüjümleri amala aşyranlykda, separatist kürt toparlaryny aýyplap gelýär. ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy John Brennan, 29-njy iýunda eden çykyşynda Stambul aeroportunda bolan şol wakanyň ”Yslam döwleti” topary tarapyndan amala aşyrylana meňzeýändigini aýtdy.

Partlamadan birnäçe sagat soňra aeroportda kadaly howa gatnawlary ýola goýuldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG