Sepleriň elýeterliligi

Trump NATO-ny YD garşy göreşde ulanmaly diýdi


ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň kandidaty Donald TrumpTurnberry, Scotland, June 24, 2016

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň kandidaty Donald TrumpTurnberry, Scotland, June 24, 2016

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň prezidentlige kandidaty Donald Trump, NATO-nyň “ukybyny ýitirendigini” aýdyp, ony “Yslam döwleti” (YD) toparyna garşy göreşmek üçin janlandyrmak niýetini mälim etdi.

“Men NATO-ny, şeýle-de NATO-da bolmadyk goňşulary ulanmak, olary goşmak ideýasyny halaýaryn” diýip Trump “ABC News” agentligine aýtdy.

Trump mundan öň NATO-nyň “terrorçylyga çemeleşmek üçin ugruny üýtgetmelidigini” belläpdi we terrorçylyga ABŞ-nyň howpsuzlygyna esasy howp hökmünde seredýändigini aýdypdy.

Trump YD toparyny ýok etmek boýunça planynyň bardygyny “ABC News” agentligine aýtdy, emma jikme-jik detal bermekden ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG