Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetli gaçgak sportsmen Olimpiada gatnaşar


Ýuliýa Stepanowa

Ýuliýa Stepanowa

Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara bileleşigi (IAAF) orsýetli gaçgak sportsmen Ýuliýa Stepanowanyň Ýewropanyň çempionatynda we Rio de Janeiroda Olimpiýa oýunlaryna “bitarap atlet” hökmünde gatnaşmagyny makullady.

Gurama Stepanowanyň “goşmaça şertlerde” bäsdeşlige gatnaşmak boýunça arzasyny kabul edendigini 1-nji iýunda mälim etdi.

Stepanowa 800 metrlik distansiýa ylgaýan dünýäniň iň öňdebaryjy sportsmenleriniň biridi. Onuň adamsy Orsýetiň doping gözegçiligi boýunça resmisi Dünýäniň dopinge garşy agentligine Orsýetiň ýeňil atletikada dopingi yzygiderleri ulanýandygy barada maglumat beripdi.

Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara bileleşigi geçen ýylyň noýabr aýynda Orsýeti halkara bäsdeşliklerinden, şol sada Olimpiadalardan çetleşdirdi.

Bu gadagançylyk geçen aýda, Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara bileleşiginiň aýdyşy ýaly Orsýet reformalaryň şertlerini berjaý etmekden boýun gaçyrandan soň güýje giripdi. IAAF sportsmenleriň “bitarap atlet” hökmünde gatnaşmagyna rugsat berjekdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG