Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ýangyn söndürýän uçar ýitirim boldy


Orsýetiň Irkutsk regiony

Orsýetiň Irkutsk regiony

Orsýetiň 10 adamy alyp barýan uçary Irkutsk regionynda ýitirim boldy.

Orsýetli habar çeşmeleriň maglumatlarynda “Ilýuşin Il-76” uçarynyň iň soňky gezek dispetçerler bilen 1-nji iýulda irden habarlaşandygy aýdyldy.

Uçar regionda tokaýlardaky ýangyny söndürmäge ýardam berýärdi we maglumatlara görä, günüň dowamynda ikinji gezek ýangyn söndürmäge barýardy.

Aragatnaşygyň kesilmeginden ozal uçardaky kemçilikler barada hiç hili maglumat berilmändi.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň aýtmagyna görä, uçar sürüjisi ýangynyň netijesinde dörän tüsse zerarly ugruny ýitiren bolmagy ähtimal.

XS
SM
MD
LG