Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýa üç pakistanlyny tussag etdi


Ispaniýanyň polisiýasy yslamçy söweşijiler bilen bagly bolmakda güman edilýän adamlary tussag etdi, 2015.
Ispaniýanyň polisiýasy yslamçy söweşijiler bilen bagly bolmakda güman edilýän adamlary tussag etdi, 2015.

Ispaniýada üç pakistanly tussag edilip, sosial medianyň üsti bilen yslamçy söweşijileri wasp etmekde aýyplandy, diýip Içeri işler ministrligi habar berdi.

Ministrligiň 1-nji iýulda ýaýradan maglumatynda aýdylyşyna görä, Lleida şäherinde bir jaýda ýaşan bu üç adam “Yslam döwleti” toparynyň adam öldürmelerini aklamakda, şeýle-de “Talybany” we pakistanly toparlary goldaýan maglumatlary ýaýratmakda aýyplanýarlar.

Häkimiýetler olaryň has uly topar bilen gatnaşykda bolup-bolmanlygyny anyklamandyr.

Ispaniýa yslamçy söweşiji toparlaryň tarapynda hereket etmekde güman edilýän 29 adamy şu ýylyň başyndan bäri tussag etdi.

XS
SM
MD
LG