Sepleriň elýeterliligi

Prezident kakasyny sorap, çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy


 Mälikguly Berdimuhamedow barada ýazylan «Watanyň wepaly ogly» atly kitabyň jildi.

Mälikguly Berdimuhamedow barada ýazylan «Watanyň wepaly ogly» atly kitabyň jildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatdaky Halkara kardiologiýa merkezine baryp, bu ýerde bejergi alýan kakasynyň halyny sorady diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Resmi habara görä, Mälikguly Berdimuhamedowy bejerýän lukmanlar onuň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny aýdypdyrlar. Prezidentiň kakasynyň saglygy barada şundan başga maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda döwlet baştutanynyň Kardilogiýa merkeziniň ýolbaşçylarynyň,Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirip, geçen ýyl kabul edilen täze saglyk programmasynyň durmuşa geçirilişi bilen gyzyklanandygy habar berilýär.

Ýöne muňa garamazdan, prezidentiň saglyk işgärleri bilen duşuşygynda ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda bar diýilýän problemalar agzalmaýar.

Muňa derek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Amannepesow prezidente “enelere we çagalara ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermegiň ýola goýlandygyny”, halka edilýän saglyk hyzmatynyň netijeliliginiň ýokarlaýandygyny gürrüň beripdir.

Prezident Berdimuhamedow bu gürrüňi diňläp, “lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagy, lukmanlaryň we beýleki işgärleriň ussatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän umumy ulgamyň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmegini tabşyrdy diýip, habarda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistandan daşary ýurtlara saglygyny bejertmäge gidýän raýatlaryň köpelendigi, ýurt içinde saglyk hyzmatynyň hiliniň peselýändigi hakynda habarlar çykýar.

Golaýda Türkmenistandan Ýewropa gelen aşgabatly lukman Ýelena Serebrýannik bu habarlary tassyklap, ýurduň saglygy saklaýyş kadrlary meselesinde uly kynçylyk çekýändigini aýtdy.

“Soňky 20 ýylda köne kadrlar ýa ýurtdan gitdi, ýa-da aradan çykdy, täze kadrlaryň bolsa hünär taýýarlygy derejesi örän pes” diýip, Ýelena Serebrýannik aýdýar.

Onuň pikiriçe, bu ýurtda çagalaryň we eneleriň ölüm derejesiniň ýokary bolmagynyň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistan sowet ýyllarynda hem eneleriň we çagalaryň ölüm derejesi boýunça tankyt edilýärdi.

Emma garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň saglyk pudagy boýunça anyk statistiki maglumatlaryň elýeterli däldigi aýdylýar.

Resmi metbugatda berilýän maglumata görä, 2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça, “çaga dogrulanda operasiýa etmek”, ýagny dogmasy kynlaşan çagany kesip almak ýagdaýlary “iki müňden gowrak” azalypdyr.

“Ýylyň ahyryna çenli çaga dogluşynyň has-da artmagyna garaşylýar” diýip, Türkmen TW-si aýdýar.

Emma aşgabatly wraç Ýelena Serebýannik Türkmenistanda çagalaryň prezidentiň waspçylyk programmasynyňesasy guralyna öwrülendigini, çagalary ir sagat bäşden elleri baýdakly aýak üstünde durmaga, tans etmäge, goşgy aýtmaga mejbur edýändiklerini aýdýar. Şeýle-de olhakyky statistiki maglumatlaryň ýaşyrylýandygyny, hökümetiň kabul edýän maglumatlarynyňberilýändigini aýdýar.

Türkmen mediasynyň penşenbe güni beren habarynda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedow “saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan şanly wakalar mynasybetli guraljak dabaralaryň we geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeligini” tabşyrypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG