Orsýetiň Çagalar hukuklary boýunça resmisiniň 14 çaganyň suwa gark bolmagyna sebäp bolan wakada aman galan çaga “suwa düşmek nähili boldy?” diýip beren soragynyň nägileligi tutaşdyrmagyndan soň wezipesinden çekilýändigi habar berildi.
Orsýetiň çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmeni Pawel Astahow orsýet çagalarynyň daşary ýurtlular tarapyndan ogullyk alynmagyny gadagan etmek barada Moskwanyň Waşington bilen gapma-garşylykly çekeleşiginde merkezi orny eýeläpdi. Astahowyň wezipesinden çekiljegi barada prezident Wladimir Putine arza bilen ýüzlenendigini 30-njy iýunda orsýet mediasy habar berdi.
Garaşsyz “RBK” neşri Kremliň ady agzalmadyk iki çeşmesine salgylanmak bilen Astahowyň wezipesinden çekilmeginiň onuň dynç alyşdan dolanyp gelmeginden soň güýje girjekdigini habar berdi.
Kreml we Astahowyň edarasy maglumatlary derhal tassyklamady.