Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Stambul hüjümçisiniň gyrgyz raýatlygyny tassyklamak ir


Stambul
Stambul

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri DNK testleri geçirilip, netijeleri mälim bolýança, Stambulyň aeroportunda bolan hüjümde özlerini partladanlaryň biriniň Gyrgyzystanyň raýaty bolandygy barada Türkiýäniň mediasynyň beren maglumatyny tassyklamakdan entek örän irdigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň daşary işler ministrliginiň 1-nji iýulda aýtmagyna görä, gyrgyz diplomatlary 28-nji iýunda aeroporta hüjümi amala aşyranlardan biriniň gyrgyz raýaty bolandygy baradaky maglumatlar bilen baglylykda Stambulda Türkiýäniň terrorçylyga garşy resmileri bilen duşuşypdyr.

Terrorizme garşy iş alyp barýan resmileriň “medianyň maglumatlary DNK we beýleki barlaglaryň resmi netijeleri elýeterli bolýança örän ir we takyk däl” diýip aýdandygyny ministrlik belledi.

Gyrgyzystanyň Stambuldaky konsulhanasynyň wekili Ruslan Moldakunowyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, barlaglaryň netijeleriniň “bäş ýa-da alty günüň” dowamynda peýda bolmagyna garaşylýar.

Türkiýäniň mediasy Türkiýäniň hökümetiniň ady agzalmadyk resmisine salgylanyp, aeroportda bomba partlamasyny amala aşyran “Yslam döwleti” toparynyň bombaçysynyň Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Orsýetiň raýatlary bolandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG