Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Türkmenistan mejbury zähmet boýunça iň pesleriň toparynda


“Adam gaçakçylygy” boýunça hasabat

“Adam gaçakçylygy” boýunça hasabat

Türkmenistanda erkekler, aýallar we çagalar mejbury zähmete we jynsy gaçakçylyga sezewar edilýärler diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylky çap eden “Adam gaçakçylygy” boýunça hasabatynda aýdylýar.

Döwlet departamentiniň penşenbe güni ýaýradan bu hasabatynda bu ugurdan Türkmenistanyň derejesi geçen ýyllardakylardan hem peseldilip, ol iň aşaky, üçünji derejedäki toparda ýerleşdirildi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, muňa, esasan, ýurtdaky pagta ýygymy döwri ulanylýan mejbury zähmet sebäp bolýar.

“Häkimiýetler, býujet pudagynyň işgärlerini işden kowmak, iş sagatlaryny azaltmak, olaryň aýlygyndan tutmak ýaly çäreler bilen gorkuzýarlar. Häkimiýetler eger-de daýhanlar döwlet tarapyndan kesgitlenen pagta planyny dolup bilmeseler, onda olaryň kärende ýerleriniň elinden alynjakdygy bilen haýbat atýarlar. Mundan başga-da häkimiýetler agaç ekişlik ýaly jemgyýetçilik çärelerine mejbury ýagdaýda mugallymlary, lukmanlary we beýleki döwlet işgärlerini gatnaşdyrýarlar” diýip, hasabatda bellenilýär.

Üçünji derejedäki topara ABŞ-nyň adam gaçakçylygynyň pidalarynyň goraglylygyny göz öňünde tutýan kanunlarynyň iň pes normalaryny hem berjaý etmeýän döwletler girizilýär. Şu ýyl bu topara Türkmenistan bilen birlikde Özbegistan hem goşuldy.

Hasabatdaky maglumata görä, daşary ýurtlardaky türkmenistanly migrantlar tekstil, ekerançylyk, gurluşyk we beýleki pudaklarda mejbury zähmete sezewar edilýärler. Ýurduň daşynda türkmen aýal-gyzlary-da jynsy gaçakçylyga zor bilen iteklenýärler.

Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistanyň özünde-de mejbury zähmetiň mesele bolup galýandygy, adamlaryň esasan hem gurluşyk işleri ýaly çärelere mejbury çekilip bilinýändikleri bellenilýär.

Hasabatyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri adam gaçakçylygyny “gulçulyga” deňedi.

“Adam gaçakçylygy barada gürrüň edilende, gulçulyk göz öňünde tutulýar. Döwrümziň gulçulygyndan 20 milliondan hem aşa adam ejir çekýär” diýip, Kerri penşenbe güni çykyş etdi.

Maglumatda nygtalyşy ýaly, tasabat döwründe türkmen hökümeti adam gaçakçylygynyň pidalaryny goramak we olara hemaýat bermek boýunça çäkli derejede tagalla görkezipdir. Türkmenistan gaçakçylygyň ähli pidalaryna talabalaýyk çäre görmän, ol bu ugur boýunça işleýän halkara we hökümete degişli bolmadyk guramalary hem maliýeleşdirmeýär.

Türkmenistan jelepçilik bilen baglylykda tussag edilen aýallaryň jynsy gaçakçylyga sezewar edilip-edilmändigini hem saýgarjak bolup duranok, ol gaýta jynsy gaçakçylygyň pidalaryna jelepçilikde aýyplamalar esasynda jerime salýar.

Hasabatda bellenişi ýaly, Türkmenistan, geçen ýylky hasabatda-da maslahat berlişi ýaly, 2016-2018-njy ýyllar üçin ”Adam gaçakçylygyna garşy çäreleriň milli planyny” kabul edipdir.

2015-nji ýylda türkmen häkimiýetleri adam gaçakçylygynyň 12 pidasyny ýüze çykaryp, şular ýaly wakalaryň üçüsi boýunça derňew geçirip, munuň bilen baglylykda dokuz adamyny jogapkärçilige çekipdirler.

Şol bir wagtda türkmen hökümeti adam gaçakçylygy boýunça haýsydyr bir hökümet resmisiniň derňelendigi ýa-da jogapkärçilige çekilendigi barada hiç hili maglumat bermeýär.

Galyberse-de, bilmeli möhüm zat, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam gaçakçylygy” boýunça iň pes, üçünji derejedäki toparyna girýän ýurtlaryň garşysyna sanksiýalaryň girizilip bilinýänligidir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG