Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan TAT demirýolunyň gurluşygyny tizleşdirýär


Türkmenabat şäheriniň demirýol stansiýasy

Türkmenabat şäheriniň demirýol stansiýasy

Aşgabat Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TAT) demirýolunyň gurluşygyny tizleşdirendigini yglan etdi.

Resmi maglumata görä, häzirki wagtda demirýoluň Atamyrat-Ymamnazar böleginde gurluşyk işleri alnyp barylýar, onuň 80-nji kilometrine çenli Ymamnazar stansiýasyna demirýol çekilipdir. Şeýle-de resmi maglumatda Gülistan we Ymamnazar stansiýalarynda elektrik üpjünçiliginiň, iki iri demirýol köprüsiniň we beýleki infrastruktura desgalarynyň gurluşygy boýunça işleriň geçirilýändigi aýdylýar.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň gurluşygy 2013-nji ýylda dabaraly ýagdaýda başlanypdy.

Proýektiň umumy bahasy bir ýarym we iki milliard amerikan dollary möçberinde kesgitlenýär.

Türkmenistanyň prezidenti demirýoluň Türkmenistany Owganystan bilen baglanyşdyrjak böleginiň, ýagny Atamyrat-Ymamnazar-Akina böleginiň gurluşygynyň ýylyň aýagyna çenli tamamlanjakdygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG