Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň Milli ýaraşyk güni baýramy


Agzybirlik güni baýramy, Korug, 27-nji iýun, 2016

Agzybirlik güni baýramy, Korug, 27-nji iýun, 2016

1997-nji ýylyň 27-nji iýuny Täjigistanyň 25 ýyla golaý bolan garaşsyzlyk taryhynda dabaraly günleriň biri bolup durýar.

Şol gün täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen Birleşen tajik oppozisiýasynyň başlygy Said Abdullo Nuri Moskwada milli parahatçylyk ylalaşygyna gol çekdi. Şeýlelikde, Täjigistanda indi çak edilişine görä, ýüz müň çemesi adamynyň başyna ýeten graždanlyk urşunyň soňuna çykyldy.

Birleşen täjik oppozisiýasynyň özenini emele getirýän "Täjigistanyň yslamçy täzeden döreýiş" partiýasydy (HNIT, Ҳизби Наҳзати Исломии Тоҷикистон). Parahatçylyga gol çekileninden üç gün soňra prezident Rahmonyň Saud Arabystanyna Mekgä zyýarata gitmegi bilen Täjigistanda parahatçylyk döwri gowulyk bilen başlanaýjak ýalydy.

Ýöne üstümizdäki ýyl Milli ýaraşyk güni mynasybetli geçirilen dabaralara diňe graždanlyk urşunda hökümetiň tarapynda bolanlar gatnaşdylar. Olaryň ýaraşyk baglaşan partnýorlery, ýagny HNIT ýene gadagan edildi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy 23-nji iýunda 35 ýaşly bir adamynyň HNIT-iň idealaryny wagyz edendigi üçin bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi.

Täjigistanda indi 19 ýyl bäri dowam edip gelýän parahatçylyk döwründe HNIT 18 ýyla golaý hökümetiň bir bölegi bolup durýardy. Parahatçylyk ylalaşygynda Birleşen täjik oppozisiýasynyň paýyna düşen hökümet orunlarynyň 30 prosenti boldy. Orunlaryň aglabasy hem Birleşen täjik oppozisiýasynyň arasynda söweşiň uly bölegini alyp baran HNIT-e berildi. Wagtyň geçmegi bilen orunlaryň sany ýylba-ýyl azalyp, HNIT 2015-nji ýylyň martynda özüniň parlamentdäki iň soňky iki orunyny-da ýitirdi.

Yslamçy partiýa HNIT takmynan 18 ýyllap hökümetiň bir bölegi bolup, özüniň ýaraşyk geleşigine ygrarlydygyny ençeme gezek görkezdi. Uruş tamamlansa-da, söweşler bolman durmady. Muňa jogapkär hem käwagt oppozisiýanyň öňki agzalary bolsa, käwagt hökümetiň öňki ýaranlary boldy. Ýöne HNIT hemişe hökümetiň tarapynda durdy.

HNIT yslama degişli dürli temalar boýunça ynamdarlyk bilen pikir berip bilýärdi. Bu bolsa yslamçy ekstremistik garaýyşly topar bilen bolan jedellerde aşa peýdaly bolup çykdy. Ozal ýaragly yslamçy oppozisiýa bolan HNIT hökümet bilen ylalaşyga gelipdi.

HNIT-iň ýurdy dolandyrmaga gatnaşmagy dünýewi hökümet bilen yslamçy oppozisiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkindigine mysal bolup durýardy. HNIT-iň hökümetde bolmagy täjik halkyna aýylganç döwrüň "ötendigini" ýatladýardy. Yslamçy partiýa bilen prezident Rahmonyň hökümetiniň hyzmatdaşlyga ukyplylygy “Täjigistanyň graždanlyk urşy boş ýere çekilen ýitgi boldy” diýen pikiri güýçlendirdi.

Ýöne sanlyja ýyldan soňra yslamçy partiýanyň agzalaryna ezýet-azar berlip başlandy. Käbirleri urlup-ýenjildi, birnäçesi hem öldürildi. Döwlet mediasy onuň agzalarynyň, aýratyn-da partiýanyň ýolbaşçylarynyň "nädogry hereketleri" hakda habar berip başldy. Partiýanyň başlygy Muhiddin Kabiri basym özüniň käbir jenaýat işlerinde aýyplanjakdygyny duýup, ýurtdan gaçyp gitdi.

2015-nji ýylda HNIT parlamentdäki soňkuja iki ornuny-da ýetireninden köp wagt geçmänkä, täjik häkimiýetleri ýurduň ikinji uly partiýasynyň il arasynda köp halanmaýandygy, onuň ýurdyň köp ýerlerindäki bölümleri ýapylmalydygy baradaky pikirleri ileri sürüp başladylar.

Şu zatlara esaslanyp, awgust aýynda ýurduň Adalat ministrligi partiýanyň işjeňligini togtatmagy boýunça buýruk çykardy. Sentýabr aýynyň aýagynda hem Ýokary kazyýetiň HNIT ekstremistik topar diýip höküm çyramgy bilen partiýa gadagan edildi.

Üstümzidäki ýylyň iýun aýynyň başynda partiýanyň 14 sany ýolbaşçy agzasyna şübheli günäler bildirilip, olara iş kesildi. Käbirlerine uzak möhletli türme tussaglygy berildi. Partiýanyň başlygynyň orunbasarlary Mahmadali Haýyt bilen Saidumar Husaini hem Tajigistanyň goranmak ministriniň orunbasarynyň döwleti agdarmak baradaky synanyşyklarynda eli bar diýlip, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Täjigistan garyp ýurt, ol Orta Aziýa ýurtlarynyň iň garyby. Ýurduň işe ýarawly ilatynyň azyndan 25 prosenti daşary ýurtlarda, esasan hem Orsýetde işleýär.

Häkimiýetler Täjigistanyň 18 ýyllap Orta Aziýada hasaba alnan ýeke-täk yslamçy partiýaly ýurt bolandygyny aýdyp bilýärdiler. Ýöne indi beýle däl.

Üstümizdäki ýyl Täjik häkimiýetleri Milli ýaraşyk gününi ýeke özleri bellediler. Beýleki tarapdan, bu dabaralara gatnaşan bolmady.

Prezident Rahmon bu baýramçylygy Täjigistanyň iň garyp regiony bolan Daglyk-Badahşanda belledi. Bu ýerde pamirli ilat tarapyndan gurlan ýerli topar "La'li Badahşan" graždanlyk urşunda Birleşen täjik oppzisiýasynyň düzüminde durýardy.

Rahmon 26-nji iýunda Daglyk-Badahşan ilatyna hökümetiň eden sowgadyny - uzynlygy 8 metr, ini 4 metr bolan täjik baýdagy üçin 30 metrlik baýdak sütünini - berdi.

Prezidentiň metbugat gullugynyň aýtmagyna görä, bu proýekte 300 müň somoni (38 müň dollardan az-kem ýokary) pul çykdyjy edilipdir. Bu pul regionda has zerur işlere harçlarnyp-da bilerdi.

Milli ýaraşyk gününiň bu ýylky dabaralary hökümetiň 19 ýyl mundan ozal ýeňiş gazanyp bilmedik urşunda ýeňiş gazanandygyny görkezýär. Ýöne täjik häkimiýetleri özleriniň häzirki ýollaryny dowam etdirseler, ýurtda bulagaýlyk turup, munuň bellenen iň soňky Milli ýaraşyk güni bolmagy mümkin.

XS
SM
MD
LG