Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyr Habybulla Hakgani aradan çykdy


Habybulla Hakgani
Habybulla Hakgani

Owganystanda ýaşaýan etniki türkmen şahyry, din meseleleri boýunça Azatlyk radiosy bilen köp ýyl hyzmatdaşlyk eden ahun Habybulla Hakgani şu gün, 54 ýaşynda aradan çykdy.

Ol 20 ýyl gowrak Pakistanda bosgunlykda bolup, soňky ýyllar Owganystanyň Mazary-Şerif şäherinde ýaşaýardy.

Hakgani türkmen, pars, puştun we urdu dillerinde goşgy ýazýardy, kitaplary çap edilipdi.

Şeýle-de ol din ugrundan ýokary bilimli adamdy, Mazary-Şerif şäherinde öz medressesi, 300 çemesi okuwçysy bardy.

Habybulla Hakgani dogduk mekanynda, Jowuzjan welaýatynyň Kiçi Çöpbaş obasynda jaýlandy.

Merhumyň 11 çagasy bar.

XS
SM
MD
LG