Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeşde daşary ýurtly zamunlar öldürildi


Dhakanyň diplomatik etraby.
Dhakanyň diplomatik etraby.

Bangladeşiň harby resmisi 20 zamunyň, ählisi daşary ýurtly, Dhakada howpsuzlyk güýçleri restorana zabt edip, olary zamun alan alty ýaraglyny öldürende heläk bolandygyny aýdýar.

Dhakanyň elitar raýonyndaky zamun alyş soňlananda aman galan 13 adamyň halas edilendigi, olaryň üçüsiniň daşary ýurtludygy aýdylýar.

Bu operasiýa ýedi sany bronly maşynyň goldamagynda 100 çemesi polisiýa işgäri gatnaşdy. 2-nji iýuldaky reýdiň dowamynda adamlary zamun alan alty sany ýaragly adam atylyp öldürildi.

Olar restorana «Allahy akbar» diýen gyklyk bilen çozup girip, adamlary zamun alypdylar.

1-nji iýulda, yslamçy hüjümçiler restorana hüjüm edende, ol ýerde naharlanyp oturanlaryň arasynda iki ýaponiýaly, ýedi italiýaly we ençeme hindistanly myhman bardy.

Polisiýa bilen agyr ýaraglanan 9 ýaraglynyň arasyndaky gapma-garşylyk we halas ediş işleri 10 sagat dowam etdi.

Polisiýa bu wagt içinde zamunlary boşatmak üçin gepleşik geçirmäge synandy, emma ol başa barmady.

Reýdiň ahyrynda restoranyň içinden iki sany uly partlama sesi eşidildi.

«Yslam döwleti» topary 24 adamy öldüren hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, internetde käbir suratlary çap etdi.

XS
SM
MD
LG