Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa: Kafe atyşygynda 5 adam öldi


Serbiýa, Zitiste obasy, gan dökülen ýer.

Serbiýa, Zitiste obasy, gan dökülen ýer.

Serbiýanyň polisiýasy ýurduň demirgazygyndaky kafede bolan atyşykda 5 adamyň ölüp, azyndan 20 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýar.

Bu waka paýtagt Belgradyň 80 km çemesi uzaklygyndaky Zrenjanin şäheriniň golaýyndaky obada boldy.

Polisiýa bir adamyň irden kafe gelip, onuň içindäki adamlary awtomatik ýaragdan oka tutandygyny aýtdy. Güman edilýän tutuldy.

Polisiýanyň beýanatynda Z.S. diýilip tanadylan adamyň kafedäki beýleki adamlary oka tutmazyndan ozal ilki öz aýalyny we ýene bir aýaly öldürendigi aýdylýar.

Döwlet telewideniýesi polisiýanyň bu işi derňeýändigini, ýöne bu atyşyga maşgala meseleleriniň sebäp bolana meňzeýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG