Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-ata «Talybandan» rehim soraýar


 "Talyban" lideri Haibatullah Ahundzada wepalylylyk kasamy kabul edilýär.
"Talyban" lideri Haibatullah Ahundzada wepalylylyk kasamy kabul edilýär.

Dört ýyl ozal Owganystanda, göwreli halyna alpinist adamsyna ýoldaş bolan mahaly ýiten amerikan aýalyň ene-atasy «Talybana» haýyş bilen ýüzlendi.

Olar ýesirlikde saklanýan är-aýalyň we olaryň iki çagasynyň azat edilmegini soraýarlar. Jeýms we Lin Kolmanyň ynanjyna görä, pitneçi topar olaryň gyzy Keýitlany, onuň Kanadada doglan adamsy Joşua Boýly we iki çagasyny goýbermän saklaýar.

"Biziň öz gyzymyzy we agtyklarymyzy örän göresimiz, olary gujaklasymyz gelýär» diýip, Kolman öz başy çadyraly aýalynyň gapdalynda düşen wideoýazgysynda aýdýar.

Ol «Talybanyň» täze lideri Haibatullah Ahundzada ýüzlenip, ondan ýetip gelýän Eid al-Fitr baýramçylygy mynasybetli rehim etmegini soraýar.

Kolmanlar öz gyzlaryny 2012-nji ýylyň iýulynda, Orsýete we Merkezi Aziýa syýahata ugramazlaryndan öň görüpdir. Pensilwaniýaly maşgala geçen noýabrda öz gyzlaryndan hat alandygyny, onuň ýesirlikde ikinji oglunyň bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG