Sepleriň elýeterliligi

Holokostuň sene ýazyjysy Eli Wizel aradan çykdy


Eli Wizel (Elie Wiesel)

Eli Wizel (Elie Wiesel)

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi, Holokost gyrgynçylygyndan aman galan Eli Wizel (Elie Wiesel) 87 ýaşynda aradan çykdy diýip, Ysraýylyň Holokost pidalaryny hatyralaýan Ýad Waşem muzeýi 2-nji iýulda habar berdi.

"Ýad Waşem Eli Wizeliň, Holokoastdan aman galan, Nobel baýragynyň eýesi bolan tanymal ýazyjynyň ýasyny tutýar" diýip, muzeý twitterde aýtdy.
Wizel Nýu-Ýork şäherindäki öýünde jan berdi, onuň ölüminiň sebäpleri aýdylmady.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu beýanat çap edip,“Eli Wizel ýagtylyk nury we adamyň gowulygyna ynanýan adamzadyň nusgasy bolup gulluk etdi” diýdi. Ysraýylyň prezidenti Reuven Rivlin Wizeli “Ýewreý halkynyň gahrymany” diýip atlandyrdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Wizeli “dünýäniň wyždany» hökmünde häsiýetlendirdi.

“Ol diňe anti-semitizme garşy çykmady, eýsemýigrenjiň, yňdarmalygyň we çydamsyzlygyň ähli görnüşine garşy durdy” diýip, prezident Obama aýtdy. “Ol biziň her birimize, hem millet, hem aýratyn alnan ynsan hökmünde, edil şeýle etmegi, özümizi bir-birekde görmegi we beýle zadyň indi gaýdyp hiç haçan bolmagyna ýol bermezligi pent etdi” diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Bitaraplyk hemişe ezijä kömek edýär, hiç wagt ezilýäne kömek etmeýär. Dymmak hemişe zulumkäri ruhlandyrýar, hiç wagt gynalýany ruhlandyrmaýar.

Germaniýanyň adalat ministri Heiko Maas twitterde Wizel“Holokostuň şaýady we ýazyp beýan edip bolmajak zatlaryň sene ýazyjysy boldy” diýdi. Fransuz prezidenti Fransua Olland Wizeli“Beýik gumanist we parahatçylygyň ýadawsyz goragçysy” diýip atlandyrdy.

1928-nji ýylda Ruminiýanyň Sighet şäherçesinde doglan Wizel nasizmiň konsentrasion lagerlerinde şaýat bolan zatlaryny jikme-jik ýazmak bilen, Holokost gyrgynçylygynyň öwrenilmegine uly itergi berdi.

Onuň Oswensim, Buna we Buhenwald konsentrasion lagerlerinde şaýat bolan zatlaryna esaslanyp ýazan «Gije» atly kitaby Holokost elhençliklerini dokumentleşdiren iň möhüm kitaplaryň biri hasaplanylýar.

Wizeliň ejesi, kakasy we bir aýal dogany Holokostda öldi, bir aýal dogany bolsa ondan aman galdy.

Wizel 1996-njy ýylda parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglandy. Norwegiýanyň Nobel komiteti şonda ony “zorlugyň, repressiýanyň, jynsparazlygyň öňküleri ýaly dowam edýän dünýäsinde asyryň iň bir möhüm ruhy liderleriniň we ýolbeletleriniň biri» hökmünde häsiýetlendirdi.

“Nirede we haçan bolsa-da, adama ejir berilse, ol kemsidilse, hökman tarap tut” diýip, Wizel Nobel baýragyny kabul edende sözlän sözünde aýtdy. “Bitaraplyk hemişe ezijä kömek edýär, hiç wagt ezilýäne kömek etmeýär. Dymmak hemişe zulumkäri ruhlandyrýar, hiç wagt gynalýany ruhlandyrmaýar" diýip, ol aýtdy.

Wizeliň yzynda aýaly Marion we ogly Elişa galdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG