Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeş: Dhaka hüjümçileri YD-dan däl


Dhaka, adamlar ýaralyny alyp barýarlar. 2-nji iýul, 2016.
Dhaka, adamlar ýaralyny alyp barýarlar. 2-nji iýul, 2016.

Bangladeş Dhakada restoranda 20 zamuny öldüren ýaragly adamlar «Yslam döwleti» toparyna eýerijiler däl, ýurt içindäki jeňçi toparyň agzalary diýdi.

Içeri işler ministri Asaduzzaman Han 3-nji iýuldaýurtda on ýyl gowrak ozal gadagan edilen guramany nazarda tutup, "olar Bangladeşiň Mujaheddin jemgyýetiniň agzalary" diýdi.

Ol bu guramanyň adamlarynyň «Yslam döwleti» jeňçi topary bilen arabaglanyşyklarynyň ýokdugyny aýtdy.

YD topary 2-nji iýulda soňlanan 11 sagatlyk zamun alyşda öldürilen zamunlaryň we iki polisiýa işgäriniň ölüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Emma hökümet halkara jihatçy toparlarynyň Bangladeşde hereket edýändigini yzygiderli ret edýär.

Polisiýa atylyp öldürilen alty ýaraglynyň atlaryny we suratlaryny çap etdi. Ýedinji hüjümçi bolsa tussag edildi we Bangladeşiň aňtaw ofiserleri tarapyndan soraga çekildi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bu hüjümi ýazgardy.

XS
SM
MD
LG