Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamaneýi: Biz Waşington bilen ylalaşmarys


Aýatolla Ali Hameneýi
Aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary lideri Tähran Birleşen Ştatlar bilen Siriýa we beýleki regional konfliktler boýunça hiç wagt kordinasiýa, barabar hereket etmez diýdi.

Aýatolla Ali Hameneýi bu sözleri 3-nji iýulda öz websaýtynda çap edilen belliklerinde aýdýar.

"Biz beýle uýgunlaşdyrma islemeýäris, sebäbi olaryň esasy maksady Eýranyň regiondaky gatnaşygyny togtatmakdan ybarat" diýip, ol aýtdy. Ol bu sözleri golaýda studentleriň öňünde eden çykyşynda aýdypdy.

Şeýle-de Hameneýi Birleşen Ştatlaryň regiona goşulyşmasyny bes etmegi baradaky talaplaryny gaýtalady. Tähran bu sebitde Waşingtony özüne duşmançylykly garşydaş hökmünde görýär.

Bu iki tarap Siriýa konfliktiniň başga-başga taraplarynda durýar. Tähran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar we käbiri Günbatar tarapyndan goldanylýan pitneçi toparlara garşy durýar.

XS
SM
MD
LG