Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Demirgazyk Pakistana sil geldi


Pakistan, silden çykýan oglan

Pakistan, silden çykýan oglan

Pakistan resmileri öten agşam ýurduň demirgazygyna, owgan serhedine golaý ýerlere gelen silde 43 adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar.

Çitral etrabynyň häkimi Maghfirat Şah 3-nji iýulda ýagan agyr ýagşyň we birden gelen siliň Arsun diýen ýerdäki metjidi we birnäçe jaýy süpürip gidendigini aýtdy.

Ol howanyň ýaramazlygy sebäpli halas ediş işleriniň ýol almandygyny, emma tapylan jesetleriň köpüsiniň şahsyýetiniň anyklanandygyny aýtdy.

Mundan başga, demirgazyk-günbatar Pakistanda, Haýber Paktunkwa welaýatyndaky Tarbela Damda, agyr ýagyş zerarly, iki sany hytaýly inžener öldi, bäşisi bolsa ýaralandy.

XS
SM
MD
LG