Sepleriň elýeterliligi

Irkutskda ýykylan uçaryň 4 agzasy tapyldy


Irkutsk, ýanýan tokaý

Irkutsk, ýanýan tokaý

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi halas ediş işgärleriniň Irkutsk sebitinde ýykylan ýangyn söndüriji uçaryň ekipaž agzasy bolan dört adamyň jesetlerini tapandyklaryny aýdýar.

Ady aýdylmadyk resmi TASS habar gullugyna 1-nji iýulda ýykylan uçardaky beýleki ekipaž agzalarynyň hem gözlenilýändigini aýdypdyr.

Bu uçar Rybniý Uýan obasynyň dört km günortasyndaýykylypdy.

Il-76 uçary sebitdäki tokaý ýangynlaryny öçürmäge kömekleşýärdi we şol gün ikinji reýsini amala aşyrýan wagty ýitirim boldy.

XS
SM
MD
LG