Sepleriň elýeterliligi

"Men maşgalamdan howatyrlanýaryn"

"Master of None" komediýa serialynyň režissýory we onuň tanymal baş gahrymany, 33 ýaşly Aziz Ansari geçen hepde New Ýork Times gazetinde bir makala bilen çykyş edip, syýasatçylaryň musulmanlara garşy tutumlarynyň hut özüne we maşgalasyna oňaýsyz täsir ýetirýändigini nygtady.

Ansariniň öz makalasynda ýazmagyna görä, ol Orlandoda terrorçylykly hüjüm bolandan soň, öz ejesine hat üsti bilen ýüz tutup, onuň, adatça, ybadata we doga-dileg üçin barýan metjidine gitmezligini sorapdyr.

"Men haçan-da ol haty ejeme ugradan mahalym, bir amerikan raýatynyň adaty ýagdaýda öz dini ygtykatlaryny ýerine ýetirmeginiň howpludygyny aýan etmegiň adama nähili ynjalyksyzlyk berýändigine doly göz ýetirdim" diýip, ol öz duýgy-düşünjelerini beýan edýär.

“Nädogry garaýyş hasam möwjeýär”

Ýöne Ansariniň pikirine görä, häzirki dünýäde adamlar "musulman" sözüni eşidende olaryň ýadyna Nobel baýragynyň eýesi Malala Yousafzai, Kareem Abdul-Jabbar ýa-da "One Direction" toparynyň owalky agzasy Zaýn Malik düşmän, eýse "Homeland" serialyndaky elhenç terrorçy ýa-da habarlarda görkezilýän "eýmenç mahluk" düşýär. Onsoň beýle dünýäde gaty hüşgär bolmak zerur.

"Bu günki günde prezidentlige dalaşgär Donald Trump we onuň ýaly adamlaryň gižželemegi zerarly köpçülikde döreýän nädogry garaýyş hasam möwjeýär. Bu gaty elhenç ýagdaý we bu adamlaryň durmuşyna, işine we ybadatyna diýseň ýaramaz täsir edýär. Ol meni öz maşgalamyň ýagdaýyndan howatyrlanmaga mejbur edýär. Onuň edýän işi gaty manysyz" diýip, Ansari öz makalasynda ýazýar.

Aziz Ansari FTB-niň geçiren barlagynyň netijesinde ýurtda 1000 sany terrorçy bolup biljek adamynyň bardygyny ýaňzydandygyny ýatladyp, bu sanyň 3,3 million ilatly amerikan musulmanlarynyň diňe ýüzden 0,03 göterimini emele getirýändigine üns çekýär. Şeýlelikde munuň tutuş musulman jemgyýeti aňlatmaýandygyny nygtaýar.

Hüjümleriň şärigi ýaly...”

Ansari "Musulman amerikalylaryň aglaba köpçüliginiň Orlandodaky elhenç mahluga meňzedilmegi, edil haýsam bolsa bir adamynyň kinoteatrlarda, mekdeplerde, çaga aldyrylýan ýörite hassahanalarda gabat gelene ot açan terrorça meňzedilmegi ýalydyr" diýip ýazýar.

Onuň sözlerine görä, şeýle nukdaýnazarda garalanda, yslamfobiýa çykyşlary jemgyýete gaty zyýanlydyr. "Trump Amerikanyň musulmanlar geňeşindäki adamlar "kimiň ýaman niýetlidigini gaty gowy bilýärler" diýmek bilen, "millionlarça bigünä musulmanyň gurnalýan elhenç hüjümleriň garamatyna şärikdigini ýaňzydýar". Şeýle garaýyş gaty nädogry. Şol bir wagtyň özünde hem bu terrorçylykly hüjümleriň gün tertibine getirýän real problemalaryň çözgüdine hiç hili peýda etmeýär. Jenap Trumpyň dünýägaraýşyna görä, "2007-nji we 2008-nji ýyllaryň ykdysady durnuksyzlygyndan soň Amerikanyň ykdysadyýetini goramagyň iň bähbitli ýoly akýagyzlara gadagançylyk girizilmegidir".

Makalanyň ahyrynda hem komiki artist Trumpyň 11-nji sentýabr hüjümlerinden soň musulmanlaryň "köçelerde baýram edendigi" barada aýdan sözlerine garşy çykýar. Onuň nygtamagyna görä, Amerikada terrorçylyk howpuny azaltmagyň "iň bähbitli" çäresi ýarag ulanylmagy düzgünleşdirýän kanunlardaky şertleriň kynlaşdyrylmagydyr.

XS
SM
MD
LG