Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda üç günlük ýas yglan edildi


Yraklylar 3-nji iýuldaky hüjümde heläk bolanyň tabydyny göterýärler.
Yraklylar 3-nji iýuldaky hüjümde heläk bolanyň tabydyny göterýärler.

Bagdadyň mähelleli söwda etrabyna edilen bombaly hüjümiň yzýany, Yrakda üç günlük ýas yglan edildi. Janyndan geçen bombaçynyň eden şol hüjüminde 119 adam öldi we başga-da 200-e golaýy ýaralandy.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi 4-nji iýulda wakanyň bolan ýerine baryp, ýurtda üç günlük ýasyň başlaýandygyny yglan etdi. Şeýle-de, ol resmilere wakany doly derňemegi we ähli jogapkärleriň jezalandyrylmagyny tabşyrdy.

3-nji iýulda Karrada etrabynda bolan ulagly bomba hüjüminiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly terroristik topar öz üstüne aldy.

“AFP” habar gullugynyň Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, hüjümde pida bolanlaryň jesetlerini anyklamak işleri “birnäçe güne çekip biler”.

3-nji iýulda Bagdadyň demirgazygyndaky Şaab sebitinde partlan ikinji bombada hem, bäş adam öldi we başga-da 16 sanysy ýaralandy.

Ak tam bomba hüjümlerini ýazgaryp, bu hüjümler Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwleti” atly topara garşy durmak çärelerini güýçlendirer diýdi.

“Biz “Yslam döwletini” ýok etmek tagallarynda Yragyň halky we hökümeti bilen umumylygymyzy saklaýarys” diýlip, Ak tamyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG