Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň kosmos gämisiniň Ýupitere barmagyna garaşylýar


NASA-nyň “Juno” atly gämisi kosmosa uçuryldy. 2011-nji ýylyň 5-nji awgusty.

NASA-nyň “Juno” atly gämisi kosmosa uçuryldy. 2011-nji ýylyň 5-nji awgusty.

Birleşen Ştatlaryň mundan bäş ýyl ozal uçurylan kosmos gämisiniň 4-nji iýulda giçlik Ýupiter planetasyna barmagyna garaşylýar.

Gün sistemasynyň nyzamyny öwrenmek baradaky missiýanyň çäginde NASA-nyň “Juno” atly kosmos gämisi öňümizdäki 20 aýyň dowamynda Ýupiteriň daşyndan 37 gezek aýlanar.

Ýupiteriň Gün sistemasynda emele gelen ilkinji planetadygyna ynanylýar.

“Juno” missiýasynyň maliýe çykdajysy 1,1 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

“Juno” kosmos gämisi Ýupitere barýança 2,8 milliard kilometr aralygy syýahat etdi.

XS
SM
MD
LG