Sepleriň elýeterliligi

Rus oligarhy öz emläklerini satmaga ‘çalyşýar’


Orsýetli oligarh Mihail Prohorow.

Orsýetli oligarh Mihail Prohorow.

Orsýetli oligarh Mihail Prohorow tarapyndan kontrollyk edilýän “Onexim holding” kompaniýasynyň Orsýetdäki emläginiň ählisini satmaga çalyşýandygy habar berilýär.

4-nji iýulda “Vedomosti” gazeti kompaniýanyň içindäki nämälim çeşmelere salgylanyp beren maglumatynda, kompaniýa özüniň “Rusal” alýuminýum önümçiligindäki, “Uralkali” kaliý döküni firmasyndaky, “Kuadra” elektrik generatory we beýleki şereketlerdäki paýlaryna alyjy gözleýär diýilýär.

“Onexim holding” kompaniýasy bu maglumatlar barada resmi beýanat ýaýratmagy ret etdi.

Şu ýylyň aprel aýynda Orsýetiň Federal Howpsuzlyk Gullugy “Onexim holding” kompaniýasynyň Moskwadaky baş edarasynda gözleg işlerini geçirdi. Şonda bu gözleg işleriniň salgyt derňewleri bilen ilteşiklidigi habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG