Sepleriň elýeterliligi

Kuweýt: “YD” hüjüminiň öňüni aldyk


Kuweýtiň nebit ministri Anas al-Salehi (çepde) ýurduň daşary işler ministri Şeýh Sabah al-Haled al-Sabah bilen gürleşýär.

Kuweýtiň nebit ministri Anas al-Salehi (çepde) ýurduň daşary işler ministri Şeýh Sabah al-Haled al-Sabah bilen gürleşýär.

Kuweýtiň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi ýurduň howpsuzlyk resmileriniň “Yslam döwleti” tarapyndan planlaşdyrylan üç terroristik hüjümiň öňüni alandygyny habar berýär.

Kuweýtiň Içeri işler ministrliginiň 4-nji iýulda ýaýradan beýanatynda ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan “öňüni alyş operasiýalarynyň” üçüsiniň geçirilendigini we “Yslam döwleti” atly toparyň agzasydygy aýdylýan “birnäçe” adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Resmileriň aýtmagyna görä, planlaşdyrylandygy aýdylýan dildüwşükleriň arasynda metjide we Içeri işler ministrligine bomba hüjümini amala aşyrmak çäresi bar.

3-nji iýulda Kuweýtiň Milli Nebit kompaniýasy ýurduň Içeri işler ministrliginiň nebit desgalarynda howpsuzlygy güýçlendirmek baradaky rekomendasiýalaryna eýerýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG