Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Orsýet bilen hyzmatdaşlyga “taýýar”


Mewlut Cawuşoglu.
Mewlut Cawuşoglu.

Türkiýe Orsýete Siriýadaky “Yslam döwleti” atly ekstremist topara garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu 4-nji iýulda Stambulda eden çykyşynda: “Biz Daeşe, ýagny Yslam döwletine garşy göreşýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyk ederis” diýdi.

Käbir media serişdeleri bu beýanaty, Ankaranyň ýurduň günortasyndaky “Injirlik” howa bazasyny Orsýete ulanyşa bermegi mümkin diýip, düşündirdiler.

Emma Çawuşoglu bu beýanatdan bir salym soň çykyş edip, howa bazanyň Orsýete ulanyşa berilmegi bilen ilteşikli “şuňa meňzeş beýanat etmedim” diýdi.

Häzirki wagt “Injirlik” howa bazasy Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň, Britaniýanyň, Saud Arabystanynyň we Kataryň howa gämilerini ýerleşdirmek üçin ulanylýar. Bu ýurtlar “Yslam döwleti” atly topara garşy Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda ​alnyp barylýan kampaniýa gatnaşýarlar.

XS
SM
MD
LG