Sepleriň elýeterliligi

'Türmeden boşanlara iş bermek wadasynyň soňy gelmeýär'


Aşgabadyň etegindäki 'gul bazary'

Aşgabadyň etegindäki 'gul bazary'

Türkmenistanda nobatdaky günä geçiş yglan edildi. Prezidentiň permanynda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 586 sany türkmen raýatynyň we 26 sany daşary ýurtlunyň galan jeza möhletlerini çekmekden boşadylýandygy aýdylýar.

“Biz şeýlelik bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlary öz günälerini halal zähmet bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin hem hemme üçin hem hemme mümkinçilikleri döredýäris” diýip, prezident G.Berdimuhamedow aýtdy we mundan öňki günä geçişlerde bolşy ýaly, welaýat, etrap häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

1-nji iýulda yglan edilen günä geçiş ýylyň başyndan bäri üçünjisidir. 18-nji fewralda Baýdak baýramyna gabatlanyp 1485 tussag, 16-njy maýda Konstitusiýa güni mynasybetli 853 adam günä geçiş arkaly türmeden boşadyldy.

Türkmenistanda 1999-njy ýyldan 2007-nji ýyla çenli günä geçişler ýylda bir gezek Gadyr gijesinde yglan edilip, bir wagtyň özünde on müň çemesi adam türmeden boşadylýardy. Iň uly günä geçiş 2002-nji ýylda yglan edilip, şonda bir wagtda 16 müňden gowrak tussag türmeden goýberilipdi.

Günä geçişlerde türmeden boşadylýan adamlaryň iş bilen üpjünçiligi nähili?

Olar nädip gün görýärler?

Azatlyk Radiosy bu sowallary türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG